Sepleriň elýeterliligi

Bugaýew: Gawunyň hilini kanal suwy hem-de himiki dökünler zaýalady


Gawun baýramy. Arhiw suraty.

Türkmenistan şu gün, 17-nji awgustda Gawun baýramyny belleýär.

Bu baýram Türkmenistanda adatça awgustyň ikinji ýekşenbesinde bellenýär, emma ol bu gezek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasynda, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyňbaşlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli guralýan ekologiki çäre – awtoulagsyz gün, tigirli ýöriş bilen utgaşdyryldy.

Resmi metbugatda Gawun baýramy bilen bagly çap edilýän habarlarda ýurtda ata-baba bakjaçylyk, daýhançylyk däpleriniň, gadymy gawun tohumlarynyň goralyp saklanýandygy, täze tohumlaryň döredilýändigi aýdylýar.

Emma ýerli synçylar Türkmenistanda sowet ýyllarynda Moskwadan berlen pagta planlary, ekerançylyk ýerlerinde himiki dökünleriň köp ulanylmagy netijesinde, gawun tohumlarynyň zaýalanandygyny aýdýarlar.

Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG