Yrak “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary tarapyndan amala aşyrylandygy güman edilýän “adamzada garşy jenaýatçylyklar” barada maglumat ýygnamakda BMG-den ýardam sorady.
Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jafaari 16-njy awgustda ýaýradan beýanatynda hökümet güýçleriniň ýakynda Mosul şäherini YD toparynyň gözegçiliginden boşadandygyny we adamlaryň köpçülikleýin gyrylmagy, jynsy gulçulyk we taryhy gymmatlyklary ýok etmek ýaly jenaýatçylyklaryň üstüni açýan subutnamalary tapandygyny aýtdy.
Ibrahim al-Jafaariniň sözlerine görä, halkara derňewlerini geçirmek barada BMG-niň Howpsuzlyk gullugynyň garamagyna beriljek rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarlamakda Britaniýa ýardam berýär.
Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia Moskwanyň rezolýusiýany goldajagyny mälim etdi.
Britaniýaly adam hukuklary boýunça ýurist we “Yslam döwleti” toparynyň zulumyndan ejir çeken dini azlyk toparynyň ýazidileriň hukuklaryny goraýan Amal Klooneý bu çärä goldaw bildirdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?