Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

FBI-niň owalky başlygy 2 million dollarlyk kitap şertnamasyna ‘gol çekdi’


ABŞ-yň Merkezi federal aňtaw gullugy bolan FBI-niň wezipesinden boşadylan owalky başlygy Jeýms Komeý (James Comey)

Britaniýanyň metbugatynyň ýazmagyna görä, ABŞ-yň Merkezi federal aňtaw gullugy bolan FBI-niň wezipesinden boşadylan owalky başlygy Jeýms Komeý (James Comey) bahasy 2 million dollara barabar bolan kitap şertnamasyna gol çekipdir.

Onuň ýazjak kitabynda, hökümet işinde ýokary wezipä ýetmek, liderlik we tutanýerli kararlar kabul etmegiň tilsimleri bilen bir hatarda, elbetde, Donald Tramp tarapyndan wezipesinden kowulmagyna sebäp bolan syýasy drama barasynda hem gürrüň berler.

Kitaby çykarjak neşirýatçynyň bellemegine görä, Jeýms Komeý öz kitabynda FBI-niň Hillary Klinton tarapyndan edilen işleriň we Tramp bilen Russiýanyň arasynda bolandygy öňe sürülýän gatnaşyklaryň nähili derňelendigi barasynda hem gürrüň gozgar.

Donald Tramp Komeýi FBI-niň başlygy wezipesinden maý aýynda boşadypdy.

Prezident onuň yz ýanyndan "NBC News" telekanalyna beren beýannamasynda, özüniň şeýle karara gelmeginde FBI-niň "Russiýa bilen bolandygy öňe sürülýän gatnaşyklary" derňemegine gaharlanmagynyň sebäp bolandygyny aýdypdy.

Komeý Kongresdäki diňlenişikde, prezident Trampyň özünden Milli howpsuzlyk geňeşçisi Michael Flynn baradaky derňewiň goýbolsun edilmegini talap edendigine üns çekipdir.

Kitabyň ähli hak-hukuklaryny öz üstüne geçiren "Flatiron" neşirýatyň beren maglumatyna görä, Komeý bu kitabynda soňky iki onýyllykda ABŞ-da bolup geçen "iň gyzykly hadysalaryň" gürrüň beriljekdigi ýaňzydypdyr.

Komeý kitapda wezipesinden boşadylmagyna sebäp bolan syýasy dramany hem gürrüň berer.

Kitabyň häzirlikçe ady ýogam bolsa, onuň geljek tomusda çap edilmegi göz öňünde tutulýar.

"Flatiron" atly neşirýatyň beýannamasynda aýdylyşy ýaly "özüniň karýerasy boýunça ýurdumyza hyzmat eden Komeý aýgytlaýjy kararyň edil yz ýanyndan başga şeýle möhüm bir karary hem kabul etmeli bolupdyr".

Kitabyň giriş sözünde "Başlyk Komeý bize häkimiýeriň kärizlerine bökdençsiz girmäge rugsat berer we liderlik sapagyny okadar" diýip bellenýär.

Kitabyň şertnamasynyň gepleşikleri bilen tanyş bolan çeşmeleriň bildirmegine görä, kitabyň çap edilmegi üçin gepleşiklere birnäçe neşirýat gatnaşypdyr we munuň netijesinde baha 2 million dollara çenli galypdyr.

Soňky 20 ýylda Komeý demokratlar tarapyndan bolşy ýaly respublikaçylar tarapyndan hem berk tankyt edilip, şol bir wagtyň özünde-de mahabatlandyrylypdy.

Komeý 2004-nji ýylda George W. Buş administrasiýasynyň raýatlaryň yzarlanmagy maksatnamasyna çäklendirme berilmegi üçin, baş prokuror (garalawçy) John Ashcrofta nägilelik bildirýändigini görkezmek maksady bilen Adalat ministrligi wezipezini taşlajakdygyny aýdyp, beýleki garşy çykýan hökümet resmileriniň hatarynda çykyş edipdi.

2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasy mahalynda Komeý Hillary Klintonyň şahsy elektron hatlary bilen baglanşykly gapma-garşylykly iki beýanat berip, habarçylary gaty geň galdyrypdy.

Aradan ep-esli wagt geçensoň Hillary Klinton "Saýlawda şowsuzlyga Komeý sebäp boldy" diýipdir.

XS
SM
MD
LG