Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda arak-şerap satmak gadagan edildi, dükanlar 'esasy girdeji çeşmesini' ýitirdi


Türkmen çakyrlary

Türkmen häkimiýetleri geljek aýda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňünden Aşgabatda spirtli içgileriň satylmagyny gadagan etdiler.

Bu gadaganlyk ozaly ýerli söwda urlan zarba bolsa, ikinji tarapdan spirtli içgilere garaşly raýatlaryň ýagdaýyny agraldar, arak-şerabyň “gara bazaryny” döreder diýip, ýerli synçylar aýdýar.

19-njy awgustda çykan metbugat habarlarynda türkmen paýtagtyndaky azyk dükanlarynyň tekjelerinden alkogolly içgileriň ählisiniň aýrylandygy, diňe içgi satýan dükanlaryň bolsa ýapylandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda ýurduň döwlet eýeçiligindäki mediasy bu gadaganlyk barada hiç bir düşündiriş ýa habar çap etmedi.

AP habar gullugynyň maglumatyna görä, içgi dükanlarynyň satyjylary häkimiýetlerden berlen görkezme esasynda, alkogolly içgileri satmagy oktýabra çenli bes edipdirler.

AFP habar gullugy Söwda ministrliginde bir ady aýdylmaýan resmä salgylanyp, onuň bu gadaganlygy Aşgabatda 17-nji sentýabrdan 27-nji sentýabra çenli aralykda geçýän Aziýa oýunlary bilen baglanyşdyrandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Söwda ministrligindäki resmi täze girizilen gadaganlygyň Aziýa oýunlaryndan öň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek maksadyndan ugur alýandygyny aýdypdyr.

"Gadaganlygyň esasy maksady, hukuk goraýjy guramalaryň 17-nji awgustdagirizilen güýçlendirilen düzgüni bilen baglylykda, parahatçylygy we jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmekden ybarat” diýip, anonim çeşme AFP habar gullugyna aýtdy.

Azatlyk radiosynyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistan golaýda harby we kanun goraýjy gulluklaryň güýçlendirilen iş tertibini girizjekdigini, şeýle-de serhediň ýapyljagyny we wiza düzgünleriniň çäklendiriljegini aýtdy.

15-nji awgustda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen buýruga görä, Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny doly üpjün etmek çäreleri 17-nji awgustdan güýje girip,27 sentýabra çenli dowam etdiriler.

“Şu döwürde ýurduň ähli harby we hukuk goraýjy edaralary gije-gündiziň iş düzgünine geçýärler. Serhet ýapylýar, wiza düzgünleri hem çäklendirilýär, gümrük gözegçiligi güýçlendirilýär” diýip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Döwlet baştutany mejlisde Oýunlar bilen bagly başga çäreleriň hem nazarda tutulýandygyny aýtdy, emma alkogollyiçgileriň gadagan ediljegi barada hiç zat diýmedi.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew şenbe güni alkogolly içgilere girizilen gadaganlygyň hakykatdanam güýje girendigini tassyklap, dükançylaryň oňa esasy gazanç çeşmeleriniň biriniň ýitirilmegi hökmünde seredýändiklerini, sebäbi Türkmenistanda arak-şerabyň örän geçginli harytdygyny aýtdy.

“Indi ýasama araklar köpeler, hili pes araklar zerarly ölüm-ýitim köpeler, bu zatlary öň 86-njy ýylda Gorbaçýowyň sersaglygynda başdan geçiripdik” diýip, Bugaýew aýtdy.

Synçynyň sözlerine görä, Türkmenistanda S.Nyýazow döwründe giň ýaýran neşekeşlige garşy göreş yglan edilenden soň, köp adam neşesini goýup, araga geçdi we şonuň bilen aman galdy. Ikinji tarapdan, Türkmenistanda toýlar, oturylyşyklar hem arak-şeraply geçirilýär we spirtli içgiler esasy sarp edilýän önümleriň biri bolup durýar.

Söwda dolanyşygynda esasy harytlaryň biri bolsa-da, ýerli synçylar Türkmenistanda arak-şerap satýan dükanlaryň 70-80 prosentiniň resmi ygtyýarnamasynyň ýokdugyny, beýle rugsady almagyň juda kynlaşdyrylandygyny, emma bu söwdanyň barlaga gelýän resmiler bilen “özara dil tapyşmak esasynda gülleýändigini” belleýärler.

Mundan öň Türkmenistanda çilim, temmäki önümleriniň söwdasy doly döwlet monopoliýasyna geçirilip, dükanlaryň öňünde uly nobatlar emele geldi.

Şonuň bilen bir wagtda, hususy dükanlarda gadagan edilendigine garamazdan, döwlet dükanlaryna getirilýän çilim, temmäki önümleriniň uly böleginiň bikanun hususy dükanlara geçirilip, ilata has gymmat bahadan satylýandygy, bu gadaganlyklaryň çilime garaşly raýatlaryň maşgala býujetine goşmaça agram salýandygy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG