Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan syýahat wizasyny almagy iň agraldan bäş ýurduň hataryna girdi


Aşgabat

Türkmenistan syýatçylyk wizalaryny resmileşdirmek düzgünlerini iň agraldan ýurtlaryň bäşligine girdi diýip, CA-News habar gullugy Britaniýanyň “Wanderlust travel" žurnalyna salgylanyp, habar berdi.

“Syýahatçylyk barada gürrüň edilende, Türkmenistan diýseň şübheli bolmagynda galýar, häkimiýetler ýurda gelýän daşary ýurtlulary gözden sypdyrmazlyga çalyşýarlar. Şu sebäpden, eger bu ýurda syýahat etmek isleseler, ähli syýahatçylar öňünden gurnalan syýahaty soramaly” – diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de habarda Türkmenistana syýahat etmek üçin, syýahat bronlanandan soň, ol ýerden çakylyk almalydygy, munuň 2-3 hepde wagt alýandygy, şu sebäpden bu ýurda gitmekçi bolýanlaryň ol ýerde boljak wagtlaryndan bir ýarym aý öňünden herekete geçmelidigi duýdurylýar.

Sapara barmak üçin wiza almagyň iň kyn ýurtlarynyň bäşligine Türkmenistanyň goňşusy Eýran, Pakistan, Hytaý we ABŞ hem girizilipdir.

Golaýda Aşgabat, öňde duran Aziýa oýunlaryna salgylanyp, ýurda gelmek we ondan çykmak düzgünleriniň has güýçlendirilýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG