Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: ‘Ten satmak söwdasyna mejbur edilen' türkmenistanlylar tussag edildi


Illýustrasiýa suraty

Türk polisiniň daşary ýurtly zenanlaryň ten söwdasyny gurnaýanlara garşy geçiren operasiýalarynda, "iş wadasy" bilen ýurda getirilip, ten söwdasyna mejbur edilen türkmenistanly, özbegistanly we täjigistanly, jemi 5 migrant zenan bilen olaryň ten söwdasyny gurnan 2 zenan bolan we jemi 7 adam tussag edildi.

Merkezi Aziýadaky ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän ýurtlaryň zenan raýatlaryny "öý işinde işletjek" diýip aldap, Türkiýä getirenden soň, zor bilen olary tenini satmaga mejbur edýän guramaçylykly jenaýat toparynyň bardygy barasynda maglumat alan, Kojaeli polisiniň Ahlak bölüminiň işgärleri welaýatda giň gerimli derňew işini başladýar. Derňewiň netijesinde, "iş tapyp berjek, öý işinde işletjek" diýen wada bilen Türkiýä getiren migrant zenanlarynyň pasportlaryny zamun alanlar olary 4 müň dollar bergä batyryp, soň zor bilen öz tenini satmaga mejbur edendigi mälim bolýar.

Aýyplanýanlaryň Çaýyrowa we Daryja diýen ýerlerde kireýine tutan öýlerinde saklan migrant zenanlaryny soň Kandyra, Kaýseri we Newşehir ýaly başga şäherlere äkidip, olary zor bilen tenini satmaga mejbur edendigi anyklanýar.

Türk polisiniň 2 aýa golaý wagtlap dowam eden tehniki we fiziki aňtaw işinden soň, Kojaeli welaýatynyň Çaýyrowa, Daryja we Kandyr etraplary bilen Stambul, Kaýseri we Newşehir welaýatlarynda, jemi 9 tapawutly salgyda geçiren operasiýasynda, "Adam we ten söwdasyny gurnamak, galp resminama taýýarlamak" ýaly etmişlerden gözlenýän 7 raýat ele salynýar.

Aýyplanýanlaryň kireýine tutan jaýlarynda saklaýan Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň raýatlaryndan emele gelen 5 migrant zenan bolsa, türk polisi tarapyndan göz astyna alnyp, deportasiýa edilmegi üçin, migrasiýa gullugynyň ygtyýaryna tabşyrylýar. Migrant zenanlaryň ten söwdasyny gurnamakda aýyplanýan 7 adam bolsa Gebze kazyýetine iberilýär.

Türk mediasynda çykan habarlarda, ten söwdasynda tutulan 5 migrant zenanyň näçe sanysynyň türkmenistanlydygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Operasiýalarda aýyplanýanlaryň öýlerinde, iş ýerlerinde we ulaglarynda geçirilen barlaglarda: rugsatnamasy bolmaýan 1 tüpeň, 1 trawmatiki sapança, güman edilýänlere degişli dürli mobil telefonlar we sim kartlar, ten söwdasyny gurnaýanlaryň hasabat depderleri bilen daşary ýurda iberilen pullaryň kwitansiýalary tapylýar.

Ýeri gelende bellesek, öňräk Türkiýäniň mediasynda türkmen migrantlarynyň iş wadasy bilen aldawa salnyp, soňam ten söwdasynda mejbur edilýändigi baradaky habarlaryň birinde, türkmenistanly jorasy tarapyndan iş wadasy bilen Stambula getirlip, soň tenini satmaga mejbur edilen, maşgalalary tarapyndan hem habar alynmaýandygy üçin daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkiýede gözlenýän iki türkmenistanly gyzyň Stambulda geçirlen bir operasiýada tapylandygy aýan edilipdi.

Türkmenistanyň döwlet kontrolundaky metbugatynda Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda söz açylmaýar. Şol bir wagtyň özünde şeýle ýagdaýlara duş gelýän türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türkmen ýa-da türk resmilerden jikme-jik maglumat ýa-da haýsam bolsa bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG