Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Orsýetdäki wekilhanalary immigrasiýa degişli bolmadyk ähli wiza operasiýalaryny togtatdy


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň baýdaklary pasyrdaýar.

Orsýetiň ýurtdaky amerikan wekilhanalarynyň işgärleriniň sanyny çäklendirmek boýunça gören çäresi bilen baglylykda, 23-nji awgustda Birleşen Ştatlar Orsýetdäki wekilhanalarynyň “immigrasiýa üçin bolmadyk wizalara degişli ähli operasiýalarynyň” togtadylýandygyny habar berdi.

Ilçihananyň 21-nji awgustda ýaýradan beýanatynda, wiza operasiýalarynyň 1-nji sentýabrdan başlap “ujyply çäklendirlen görnüşde” öz işine dowam etjekdigi we immigrasiýa degişli bolmadyk wizalar üçin gürrüňdeşlikleriň “diňe Moskwada” geçiriljekdigi mälim edildi.

Şeýle-de, Sankt Peterburg, Ural daglarynyň etegindäki Ýekaterinburg we Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky Wladiwostok şäherlerinde ýerleşýän Birleşen Ştatlaryň konsulhanalarynda wiza operasiýalarynyň “näbelli wagta çenli togtadylandygy” habar berildi.

“Orsýetiň ABŞ-nyň bärde diplomatik wekilhanalaryny çäklendirmek karary Orsýetiň gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna çynlakaý garamagyny sorag astyna goýýar” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň alan karary Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky çarkandakly tersleşikde ýetilen soňky sepgitdir we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, taraplaryň resmileriniň belleýşi ýaly, Sowuk uruşdan soňky iň pes derejä baryp ýetdi.

Ozalam Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, onuň Siriýadaky uruşda oýnan roly we ýurtdaky başgaça pikirlenýänlere çemeleşigi bilen iki ýurduň arasyndaky ajyraşyklar ýiti tartylyp dartgynlylaşypdy. Birleşen Ştatlaryň aňtaw resmileriniň prezident Wladimir Putiniň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna täsir etmek üçin kiber hüjümler we propaganda arkaly planly kampaniýalary buýruk berendigini mälim etmegi bilen oňşuksyzlyklar has-da gyjyndy.

Orsýete garşy sanksiýalary güýje girizýän we prezident Donald Trampyň jeza çärelerini gowşatmak ýa-da aradan aýyrmak mümkinçiligini çäklendirýän kanun taslamasy Kongresden geçeninden soňra, Orsýetiň Daşary işler ministrligi 28-nji iýulda Waşingtondan Orsýetdäki ilçihansynyň we konsulhanalarynyň işgärleriniň sanyny 1-nji sentýabra çenli kemeldip, ony 455-e düşürmegini talap edipdi. Ministrlik Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky wekilhanalarynda şonça adamyň işleýändigini mälim edipdi.

Soňra Putin bu çäräniň Birleşen Ştatlaryň öz ýurdundaky wekilhanalarynyň takmynan 1 müň 200 bolan we onuňam aglaba bölegi ruslardan düzülen işgär sanyny 755 adam azaltmagy aňladýandygyny aýdypdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň wizalar boýunça gelen kararyny bildirişiň yz ýany tankyt etdi we onuň togtadylmagynyň rus halkyny Putiniň hökümetinden öýkeledip olaryň arasyna badak atmagy maksat edinýändigini öňe sürdi.

Lawrow Birleşen Ştatlaryň görýän çäresiniň “reňkli rewolýusiýalary guraýanlaryň logikasyna” eýerýändigini aýtdy we çäräniň Kremle garşy köçe protestlerine gyjalat bermegi göz öňünde tutýandygyny ýaňzytdy.

Ýöne ol Trampy günäkärlemekden saklanyp, wiza operasiýalarynyň togtadylmagy “Obama administrasiýasynyň täsiriniň” netijesi diýdi we Moskwanyň Birleşen Ştatlarda wiza hyzmatlaryny togtatmajakdygyny aýtdy.

Lawrow: “Biziň jogap çärelerimiz barada aýdanymyzda, men ozalam aýtdym, biz bu gün amerikanlaryň yglan eden bildirişiniň jikme-jikliklerini öwrenmegimiz zerur. Men bir zady aýdyp biljek, ýagny biz Birleşen Ştatlaryň raýatlaryny mümkinçiliklerden mahrum etmeris” diýdi.

Döwlet departamentiniň Baş inspektorynyň 2013-nji ýylda çap eden hasabatynda Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasynda we Sankt Peterburgdaky, Ýekaterinburgdaky hem-de Wladiwostokdaky konsulhanalarynda jemi 1279 adam işleýändigi, şolardan 934 adamyň “ýerlilerden” 301 adamyň bolsa Birleşen Ştatlarda “göni işe kabul edilen” adamlardan ybaratdygy aýdylýar.

Şeýle-de, Döwlet departamentiniň maglumatlaryna görä, Orsýetde 2016-njy ýylyň dowamynda 171 müň sany immigrasiýa degişli bolmadyk wiza berlipdir.

Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasynyň 21-nji awgustda ýaýradan beýanatynda ilçihananyň missiýasynyň “zerur elementlerini berjaý etmek üçin” ýeterlik derejede işgär saklap galmaga mümkinçilikleriniň bardygy aýdylýar.

Beýanatda rus hökümetiniň talaplaryna laýyklykda “işgär sany kemeldildigiçe operasiýalaryň çäklendiriljekdigi” aýdylýar.

Ilçihana Orsýetde häzirki wagtda ozal meýilleşdirilen wiza ýüztutmalarynyň ýatyrylandygyny we ýüz tutan adamlaryň gürrüňdeşligi täzeden meýilleşdirmek boýunça nämeler etmelidigi dogrusynda olara goşmaça maglumat beriljekdigini habar berdi.

Şeýle-de, ilçihana “halkara ylalaşyklarynyň, diplomatik tejribeleriň we däp bolan halkara düzgünleriň” talaplaryna laýyklykda, immigrasiýa degişli bolmadyk wizalar üçin ilki bilen BMG-niň resmilerine, Birleşen Ştatlarda edara jaýlary ýerleşýän halkara guramalaryň işgärlerine we iki taraply missiýalara ähmiýet beriljekdigini mälim etdi.

Immigrasiýa degişli bolmadyk beýleki wiza kategoriýalary boýunça, medisina bejergisini almak üçin ýa-da maşgala ýagdaýlary sebäpli adatdan daşary ýagdaýlar üçin wiza haýyşnamalaryna, işgär sanyna baglylykda, ähmiýet beriljekdigini ilçihana habar berdi.

“Bu ýagdaýlar jynaza çärelerini, hassahana bejergilerini we beýleki ýuridik işler geçirmegi öz içine alýar” diýlip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, Kremliň talaby bilen Birleşen Ştatlaryň diplomatik işgärleriniň sanynyň azaldylmagy immigrasiýa üçin ýüz tutan käbir adamlaryň ýüztutmalaryna gürrüňdeşlikleri meýilleşdirmeklige-de öz täsirini ýetirer.

Ilçihana eger-de immigrasiýa üçin ýüz tutan adamlaryň ozal meýilleşdirilen gürrüňdeşlikleriniň senesi, wagty üýtgedilen bolsa onda olar bilen habarlaşyljakdygyny aýtdy.

Ilçihana Birleşen Ştatlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan orsýetli talyplar üçin sentýabr aýynyň başynda wiza gürrüňdeşlik mümkinçiliklerini göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasy we Sant Peterburgdaky konsulhanasy mundan beýläk Belarusyň ýaşaýjylarynyň wiza haýyşnamalaryny hem kabul edip bilmez.

Moskwa derek Belarusyň ýaşaýjylarynyň Birleşen Ştatlaryň Warşawadaky, Kiýewdäki we Wilniýusdaky ilçihanalaryna ugrukdyrylandyklary habar berildi.

Lawrow soňky üýtgeşmeleriň anyk syýasy äheňlidigini aýtdy.

Belarus Orsýet bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar, ýöne ýurduň awtoritar prezidenti Günbatar bilenem ysnyşjak bolýar.

Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasy we Orsýetdäki üç konsulhanasy amerikan raýatlaryna degişli ähli hyzmatlara dowam edýändigini aýtdy.

Agzalýan hyzmatlar pasport çykartmagy, dogluş hakynda habar berilmegini, jenaýatyň pidalaryna ýardam bermegi, gyssagly karz pul kömegi we türmehanalara sapar etmäge ýardam bermekligi öz içine alýar.

Beýanatda degişli hyzmatlaryň dowam etdiriljekdigi aýdyldy, sebäbi “daşary ýurtlarda ýaşaýan amerikan raýatlarynyň howpsuzlygy biziň iň üçin iň ýokary derejeli möhüm wezipedir” diýildi.

XS
SM
MD
LG