Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda “Aziada 2017-niň naharlary” atly sergi geçirildi


Türkmenistanyň prezidenti türkmen gawunlaryny gözden geçirýär, Aşgabat, 18-nji awgust, 2017

Türkmenistanda Aziada-2017 halkara sport çäresine 30 gün galmagyna gabatlanyp, görülen taýýarlyklaryň çäginde “Aziada 2017-niň naharlary” atly sergi geçirildi diýip, media serişdeleri habar berdiler.

Bu serginiň guramaçylygyna ýurduň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň düzümine girýän 20 çemesi restoranyň işgärleri gatnaşdyrylypdyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabadyň merkezinde gurlan bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar olimpiýa toplumynda geçiriler.

Habar berlişine görä, aşpezlik sergisinde Aziada gatnaşjak 64 ýurduň nahar däp-dessurlary görkezilipdir.

Aziýa oýunlarynyň gatnaşyjylarynyň azyk üpjünçiligini Türkmenistanyň “Gül Zaman” şirketi we Şweýsariýanyň “Gourmet Sports Hospitaliti AG” şirketi üpjün eder.

XS
SM
MD
LG