Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa şäherçesini saklamak üçin, 1300 iş orny dörediler


Olimpiýa şäherçesini gurmak üçin azyndan 5 milliard dollar harçlandy.
Olimpiýa şäherçesini gurmak üçin azyndan 5 milliard dollar harçlandy.

Aşgabatda “Aziada-2017” üçin gurlan Olimpiýa şäherçesindäki binalaryň oýunlardan soň “jemagat we hojalyk hyzmatlaryny guramak üçin”, Aşgabat şäher häkimliginiň ýanynda ýörite müdirlik esaslandyrylar we täze iş orunlarynyň 1 müň 273-si dörediler.

Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek oýunlara 100 gün galmagy mynasybetli, Olimpiýa şäherçesine eden saparynyň dowamynda mälim edildi.

Bu aralykda, gurluşygyna azyndan 5 milliard dollar harçlanandygy aýdylýan bu binalar toplumyny saklamak üçin döredilen müdirligiň we iş orunlarynyň nähili maliýeleşdiriljekdigi we bu çykdajylaryň soňy bilen özüni nädip ödejekdigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Prezident G.Berdimuhamedow Aziýa oýunlary geçirilenden soň hem binalaryň “işjeň herekete girizilmelidigini” aýdyp, şäherjigiň binýadynda işjeň dynç alşyň, sagaldyş ulgamynyň iri merkezini döretmek, köpçülikleýin medeni we sport çärelerini, ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy. Emma munuň bilen baglylykda hiç bir jikme-jikler barada gürrüň edilmedi.

Şeýle-de, prezidentiň bu saparynyň dowamynda, oýunlara gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti bilen Oýunlara taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitete Konsorsiumyň düzümine girýän “Gül Zaman” hojalyk jemgyýetniň we Şweýsariýanyň “Gourmet Sports Hospitality AG” kompaniýasynyň üpjün etjekdigi aýan edildi.

Şol bir wagtda, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň gaçmagy netijesinde, häzir agyr ykdysady ýagdaýy başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň Aziýa oýunlary üçin görülýän taýýarlyklaryň çäginde, döwlet býujetinden harçlaýan maliýe serişdeleri barada, ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine eden saparynyň dowamynda, “Aziada-2017” oýunlarynyň “Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galmagyna ýardam berjekdigini” öňe sürdi.

Emma adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýlarynyň 17-27-nji sentýabr aralygynda geçirilmeli “Aziada-2017” oýunlaryna kölege salyp biljekdigini aýdyp, Aziýanyň Olimpik Geňeşine we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Asssosasiýasyna Türkmenistanyň häkimiýetlerine degişli çagyryşlar bilen ýüz tutmagyna çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG