Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukriana täze okuw ýylynyň öňünden ýaraşyk baglaşyp, Garaşsyzlyk baýramyny belleýär


Moldowam esgerleri Kiýewde paraddan geçýär.
Moldowam esgerleri Kiýewde paraddan geçýär.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Orsýeti “halkara serhetlerini güýç bilen gaýtadan çekmäge” çalyşmakda aýyplady we Waşington Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini “kabul etmez” diýdi.

Mattis bu sözleri 24-nji awgustda,Ukrainanyň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönüminde aýtdy.

"Şübhäňiz bolmasyn” diýip, ol prezident Petro Poroşenko bilen bilelikde gurnalan metbugat ýygnagynda aýtdy. Mattis özüniň häzir Birleşen Ştatlaryň Ukrainany ýarag bilen üpjün etmek ähtimallygyny gaýtadan gözden geçirýändigini we bu meseledäki pozisiýasyny prezident Donald Trampa ýetirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň gündogar Ukrainadaky konflikti, Kiýew güýçleri bilen Orsýetiň goldawyndaky separatistleriň arasynda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri dowam edýän çaknyşyklary diplomatiki tagallalar arkaly togtatmak pikirine ygrarlydygyny belledi. Bu çaknyşyklar netijesinde 10 müňden gowrak adam öldi.

Ukrainanyň Garaşsyzlyk baýramy Kiýewdäki hökümet bilen ýurduň gündogaryndaky separatistleriň täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanyndan ýaraşyk baglaşmagyna gabat geldi.

Poroşenko Mattisiň we günbatar döwletleriniň ýene birnäçesiniň goranmak ministrleriniň gatnaşan harby paradyna ýüzlenip, Moskwanyň we separatistleriň has kän territoriýa almaga synanyşmazlygyna duýduryş edip, "Eger-de hüjüm etmäge synansa, Ukraina agressora berk gaýtawul bermäge taýýar” diýdi.

Ýöne ol separatistleriň elde saklaýan ýerlerini, Russiýanyň 2014-nji ýylda ele geçiren gara deňiz ýarymadasyny nazara alyp, Ukrainanyň “Donbasy we Krymy yzyna dolap almakda parahatçylygy, diplomatik, syýasy we kanun esasyndaky ýoly ileri tutýandygyny” aýtdy.

"Men öz ýaranlarymyza bil baglaýaryn” diýip, Poroşenko aýtdy. Ol Britaniýanyň, Gürjüstanyň, Estoniýanyň, Kanadanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň we Birleşen Ştatlaryň parada gatnaşýan goranyş ministrlerine we paraddan geçýän esgerlerine ýüzlenip aýtdy.

Separatistler 2014-nji ýylyň aprelinde Donetsk we Lugansk regionlarynyň Russiýa bilen serhetleşýän böleklerini ele geçirenden soň, 2015-nji ýylyň fewralynda Minskide baglaşylan şertnamanyň çäginde yglan edilen birnäçe ýaraşyk ylalaşygy syndy.

BMG hökümet güýçleri bilen separatistleriň arasynda barýan söweşlerde azyndan 10,090 adamyň, şol sanda 2,777 asuda adamyň öldürilendigini aýdýar. Şeýle-de, hasaplamalara görä, bu çaknyşyklarda azyndan 23,966 adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Poroşenkä gutlag iberip, Birleşen Ştatlaryň Ukraianyň “özbaşdaklygyny eldegrilmesizligini”, ýurduň “hakyky ýewropa döwletine öwrülmek tagallalaryny” goldamy dowam etdirjekdigini aýtdy. Bu barada ukrain prezidentiniň websaýtynda habar berildi.

Mattis Birleşen Ştatlaryň soňky on ýylda Ukraina sapar eden ilkinji daşary işler sekretarydyr.

Pentagon onuň Kiýewdäki gepleşiklerde Amerikanyň ukrain hyzmatdaşlaryna ABŞ-nyň Ukrainanyň özbaşdaklygyny we toprak bütewiligini dikeltmek maksadyna, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky strategiki goranyş hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga berk ygrarly galýandygyny ynandyrjagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG