ABŞ-nyň BMG-daky ilçisi Nikki Heýli 25-nji awgustda Birleşen Milletler Gurmasynyň Atom energiýasyna gözegçilik edýän gullugyny Eýranyň harby bazalaryna aralaşyp, olaryň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozýan işler bilen meşgullanyp-meşgullanmaýandygyny anyklamak synanyşygyna çagyrdy.
"Men [Halkara atom energiýasy agentligine] berk ynanýaryn, emma olar ýalan sözlemekde açyk taryhy we ýaşryn ýadro programmasy bolan ýurt bilen iş salyşýarlar” diýip, Heýli Wenada bu gulluga sapar edip geleninden soň, Nýu-Ýorkda guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.
BMG-nyň Atom energiýasy gullugy ozal Eýranyň 2009-njy ýyldan öň harby bazalarynyň birinde, ýadro ýaragyny edinmek üçin, ýaşyrynlykda ylmy-barlag işlerini geçirendigi barada netijä gelipdi.
Emma Tähran bu aýyplamany ret edýär.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.