Sepleriň elýeterliligi

Okuwçylaryny zorlan halypanyň goldawçylarynyň pitnesinde 30 adam öldi


Pitneçiler. Pançkula, Hindistan, 25-nji awgust, 2017

26-njy awgustda iki sany zenan şägirdini zorlamakda günäli tapylan hindi halypasynyň goldawçylarynyň pitnesinde azyndan 30 adam öldi, 200-den gowrak adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

“Dera Saça Sauda” – “Hakyky ylalaşyk sektasy” diýilýäne ýolbaşçylyk edýän Gurmeet Ram Rahimiň 100 müňden gowrak goldawçysy demirgazykdaky Pançkula şäherinde sud binasynyň golaýynda oňa çykarylan hökümi diňlemek üçin toplandy we höküm okalandan soň pitneçilik başlandy.

Telewideniýe gazaba çykan mähelläniň maşynlara, awtobuslara we iki tigirli ulaglara ot berşini görkezdi.

Resmiler polisiýanyň protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazlary pürkmek, plastik oklary atmak we dürreleri ulanmak, asmana tüpeň atmak bilen, düzgün-tertibi ýola goýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de resmiler ruhy halypanyň 1 müňden gowrak goldawçysynyň ýangyn turuzmak we jemgyýetçilik emlägini weýran etmek aýyplamasynda tussag edilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG