Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ habar agentliginiň başlygyny tussag eden Azerbaýjany tankytlaýar


“Turan” habar agentliginiň direktory Mehman Aliýew
“Turan” habar agentliginiň direktory Mehman Aliýew

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Azerbaýjanyň garaşsyz “Turan” habar agentliginiň direktorynyň tussag edilmeginden “çynlakaý alada galandygyny” aýtdy we onuň haýal etmezden boşadylmagyna çagyrdy.

“Biz Mehman Aliýewiň, Azerbaýjanyň saklanyp galan ýeke-täk garaşsyz neşiriniň tanymal baş redaktorynyň 24-nji awgustda üç aýlyk möhlet bilen deslapky tussaghana salynmagyndan çynlakaý alada galdyk” diýip, Döwlet departamentiniň 26-njy awgustdaky beýanatynda aýdylýar.

“Turana” garşy girizilen beýleki çäklendirmeler, şol sanda onuň bank hasaplaryny doňdurmak, habar agentligini salgytdan gaçmakda aýyplamak hem alada goýýar” diýip, beýanatda bellenýär.

Şeýle-de beýanatda Azerbaýjan hökümetiniň bu hereketleriniň metbugat azatlygyny çäklendirmek we söz azatlygyny has gysmak babatdaky negatiw tendensiýanyň dowamydygy, hökümetiň maý aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna we beýleki garaşsyz media websaýtlaryna bolan elýeterliligi hem petikländigi ýatladylýar.

Döwlet departamenti hökümeti Aliýewi hem-de beýlekileri, Azerbaýjanyň halkara borçnamalaryna we ÝHHG-niň öňündäki borçlaryna laýyklykda, öz esasy adam hukuklaryny ulanandyklary üçin tussag edilen raýatlarynyň ählisini “derhal azat etmäge” çagyrdy.

Azerbaýjan häkimiýetleri 25-nji awgustda Mehmanyň üç aýa golaý deslapky tussaghana ýerleşdirilmegini buýurdy, ol salgytdan gaçmakda we öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG