Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ABŞ-nyň Owganystan boýunça strategiýasynyň şowsuz boljagyny aýtdy


Pakistanyň premýer-ministri Şahid Han Abbasi, Yslamabat, 9-njy awgust, 2017

Pakistanyň premýer-ministri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Owganystandaky uruş boýunça strategiýasynyň şowsuzlyga duçar boljagyny aýdýar.

“Ilkinji günden başlap, biz Owganystanda harby strategiýanyň işlemändigini we işlemejegini açyk aýdypdyk” diýip, premýer-ministr Şahid Han Abbasi “Bloomberg News” neşrinde 27-nji awgustda çap bolan interwýusynda aýtdy.

Abbasi bu barada “syýasy beýanatyň” edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Pakistanyň hökümet baştutany wezipesine üç hepde mundan ozal geçen Abbasi Yslamabadyň goňşy Owganystanda terrorçylara garşy göreşi goldaýan wagtynda, konfliktiň Pakistana aşmagyna ýol bermejegini aýtdy.

21-nji awgustda Tramp öz administrasiýasynyň Owganystan babatynda täze we has agressiw “ýodasyny” saýlap alandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goşunlar Owganystanda 16 ýyl bäri “Talybana”, “Al-Kaýda”we Kabuldaky hökümeti agdarmaga synanyşýan beýleki ekstremist toparlara garşy söweşýärler.

Tramp Waşingtonyň golaýyndaky harby bazada eden çykyşynda uruşda “ýeňişe” çagyrdy we öz strategiýasynyň “tötänleýin wagt şertlerine” esaslanman, ýagdaý görä boljagyny belledi. Trampyň çykyşynyň yzýany ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň Owganystana has köp goşun ibermeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG