Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda polisiýa “her dürli bahanalar” bilen jerime ýazýar


Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň ulagy.

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) awtoulag hereketini çäklendirmek maksady bilen, maşyn eýelerine “her dürli bahanalar” bilen jerime ýazyp başlandyklary barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýra çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu çäre sentýabrda Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly diýilýär.

“[PÝGG işgärlerine] paýtagtyň köçelerindäki ulaglary saklap, islendik bahana bilen jerime ýazmak tabşyryldy. Bu sürüjilere wehim salmak, olaryň ulaglary bilen köçä çykmagynyň öňüni almak üçin edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine golaý çeşmeleriniň biri aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan aşgabatly sürüjileriň biri PÝÝG işgärleriniň ony saklap, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, “galp aýyplamalar” bilen jerime salandyklaryny gürrüň berdi.

“Golaýda [PÝGG işgärleri meni Aşgabadyň köçesinde] saklap, kesgitlenen tizlik araçägini bozandygymy aýdyp, jerime ýazdylar. Men barýan tizligime doly gözegçilik edendigimi, ýol düzgünini bozmandygymy aýtsam-da, sözüme gulak gabardan bolmady” diýip, Mergen (ady üýtgedilen – red.) atly aşgabatly sürüji nägileligini bildirdi.

Şol bir wagtda, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda Aşgabat häkimliginden we degişli PÝGG resmilerinden hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň başga bir ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, ýurduň käbir ministrlikleriniň işgärlerinden, Aziada oýunlary geçip gutarýança, ýagny 1-nji sentýabrdan tä 1-nji oktýabra çenli ulaglaryny ulanmajakdyklary dogrusynda ýörite dil haty alnypdyr.

Ýatladyp geçsek, türkmen häkimiýetleri welaýat belgili ulaglaryň paýtagta girmegini eýýäm birnäçe aý bäri çäklendirip gelýärler. Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, welaýat maşynlaryny Aşgabada goýbermegi bes edenlerinden soň, paýtagtdaky awtomobil hereketi göz-görtele azalypdyr.

Galyberse-de, aşgabatlylar 21-nji awgustdan başlap, şäheriň protokol köçeleriniň köp böleginiň, ýagny A. Nyýazow şaýolundan başlap, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýollary; ýokarlygyna ’10 ýyl Abadançylyk’ köçesine çenli ýapylýandygyny gürrüň beripdiler.

Golaýlap gelýän Aziada bilen baglylykda, her dürli çäklendirmelerden başga, Azatlyk Radiosy türkmenistanlylardan serişde toplanyşy, Aziadany geçirmäge serişde ýetmezçiligi zerarly aýlyklaryň gijikdirilişi barada hem habar berdi.

Türkmen emeldarlary we mediasy Aziada bilen bagly girizilýän gadagançylyklar dogrusynda kelam agyz söz aýtmasalar-da, Oýunlaryň dowamynda ýüze çykyp biljek islendik adatdan daşary ýagdaýlara taýýardyklaryny bellediler.

Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna 6000 töweregi türgen gatnaşyp, olar 12 günüň dowamynda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG