Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň taryhynda şu wagta çenli bolmadyk köçe dykynlary döredi


Aşgabadyň köçelerinde ulaglaryň dyknyşygy. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň köçelerinde ulaglaryň dyknyşygy. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda Aziýa oýunlary mynasybetli has köp köçeleriň ýapylmagy netijesinde, şäheriň käbir böleklerinde uly awtoulag dyknyşygy emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri Nurmuhammet Andalyp (öňki “Mir”) köçesinde emele gelen awtoulag dyknyşygynyň uzynlygynyň 2 kilometre golaýdygyny aýdýarlar.

“Nurmuhammet Andalyp köçesiniň Oguzhan we ‘10 ýyl abadançylyk’ köçeleriniň aralygynda maşynlar biri-birine degip diýen ýaly dur. Ol ýerde uly dyknyşyk emel gelýär. Şeýle-de, bu köçede iň azyndan 1000-den gowrak maşyn, özem iki hatar dur. Bu ýerde birek-birege igener ýaly ýagdaý ýok. Sebäbi öňüň dyknyşyk, yzyň dyknyşyk, ýörär ýaly däl” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Nurmuhammet Andalyp köçesi bilen “10 ýyl abadançylyk”, Ýunus Emre, Oguzhan köçeleriniň çatrygyndaky awtoulag dyknyşyklary düýn öýlänki sagatlardan başlap, 31-nji awgustda giçlik hem dowam edýär.

Aşgabatda howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan şu günlerde, awtoulag dyknyşygynda sürüjileriň we ýolagçylaryň öň ortaça 10 minutda barýan ýerine indi 40-50 minutda barmaly bolýandygy aýdylýar.

“Awtoulaglaryň köpüsiniň kondisionerleri hem işlänok. Onsoň kondisioneri işlemeýän maşynlarda-da aýnalary açýarlar ýa-da käbir ýolagçylar ‘maşyn hereket edýänçä’ diýip, gapylaryny açyp oturýarlar. Sebäbi her bir maşyn bir duran ýerinde iň azyndan 6-7 ýa-da 10 minut çemesi durandan soňra, öňe tarap ýöräp bilse bir 10 metr ýöreýär we soň ýene şonça saklanmaly. Şeýdip, pyşdyl ýörişi bilen ýuwaş-ýuwaşdan ýörelýär” diýip, Bugaýew aýdýar.

Şeýle-de, ol döwlet ýa-da hususy eýeçilikdäki taksilere münen ýolagçylaryň ençemesiniň awtoulag dyknyşygynyň aýrylmagyna garaşyp bilmän, münen ulaglaryndan düşüp gidýändigini hem görse bolýandygyny belleýär.

Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý diňe ulagly raýatlara däl, eýse pyýadalara we şäheriň beýleki sebitlerinden Parahat etrapçalaryndaky edara-kärhanalara gelip işleýän paýtagtlylara hem ýaramaz täsir ýetirýär we käte ýaşaýjylar ortaça 2 kilometr aralygy pyýada ýöräp geçmeli bolýarlar.

Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleri we ýaşaýjylaryň ençemesi köçe dyknyşygynyň sebäplerini Aşgabatda has köp köçeleriň ýapylmagy, häzirki wagt Parahat 1 we 2 etrapçalaryna diňe iki sany kiçi köçeden baryp bolýandygy bilen düşündirýärler.

“Olimpiýa şäherjigine degişli ýollar, meselem, onuň gündogaryndaky Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň, günortasyndaky “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň, demirgazygyndaky Atamyrat Nyýazow köçesiniň we günbataryndaky “Garaşsyzlyk” köçesiniň ýapylmagy bilen bular ýaly [awtoulag] dyknyşygy emele gelmändi. Düýn öýlän Aziýa oýunlary geçjek sport desgalaryndan 1,5 kilometr gündogardaky köçeler ýapyldy. Öň şol köçelerden arkaýyn mikroraýonlaryň içine girip bolýardy. Ähli başagaýlyk şol köçeleriň ýapylyp, mikroraýonlaryň içine diňe iki sany köçeden girmäge rugsat edilmegi bilen baglanyşykly” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Olimpiýa şäherjiginiň dört tarapyndaky esasy köçeleriň ýapyljagy hakynda Türkmenistanyň gazetlerinde we telewideniýede bildiriş berlen hem bolsa, sport desgalaryndan ortaça 1,5 kilometr uzakdaky köçeleriň hem ýapyljagy barada kelam söz aýdylmandyr.

Aşgabatda Polisiýanyň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän gullugynyň käbir işgärleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, köçeleriň 30-njy awgustdan başlap ýapylandygyny we munuň oktýabr aýynyň 1-ne çenli dowam etjekdigini aýtdylar.

Galyberse-de, soňky günlerde paýtagtda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) awtoulag hereketini çäklendirmek maksady bilen, maşyn eýelerine “her dürli bahanalar” bilen jerime ýazyp başlandygy hem habar berilýär.

XS
SM
MD
LG