Sepleriň elýeterliligi

Görkezilen bahalar öňki bolsa-da, et yzygiderli gymmatlaýar


Aşgabadyň bazarlarynda we dükanlarynda satylýan etiň bahasy döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanyp, onuň 17 manat 80 teňňeden satylýandygy harydyň alnynda ýazylyp goýulýar.

Emma aşgabatlylar indi bir aýa golaý wagt bäri etiň bahasynyň her hepdede diýen ýaly ýokarlanýandygyny aýdýarlar.

Gülüstan söwda merkeziniň et dükanyndan sygyr etini almakçy bolan aşgabatly öý hojalykçy zenan Baýramgülüň aýtmagna görä, satyjylaryň terezä goýýan etlerini pul töläp alyp, öýüňe getiresiň gelenok.

“Üstünden 1-2 gün hem geçen ownukly irili süňkleri, malyň bagyr-öýkeninden we beýleki iç goşlaryndan hem goşup, ony terezä goýup, üstünden hem 3 kilo ete ýarym kilo ýag goşup çekýärler.

‘17 manat 80 teňňeden şeýdip çekip bermeli bolýarys’ diýip, satyjylar seniň islegiňe görä et çekip bermeýärler. Isleseň al, islemeseň goýaý diýip, eti alyp beýläk oklap goýberýärler” diýip, Baýramgül aýdýar.

“Ozal et satyn alanymda, 20 manatdan islän bölegimi terezä goýduryp bilýärdim, emma bu gezek bazara baranymda, bu islegim amala aşmady. Men onuň sebäbine biraz soňrak düşündim. Asyl ozal 20 manatdan berilýän etler indi 30 manat bolan ekeni” diýip Baýramgül dowam edýär.

“Ozal üwemek üçin süňksüz eti 26 manatdan alýardym, indi ony 32 manatdan alyp bolýar. Ony hem arkaýynlyk bilen bermeýärler.

Satyjylar gözi bilen ümläp, gözegçini görkezýärler. Asyl etiň satylyşyna döwlet tarapyndan ýörite gözegçi goýlupdyr. Ýöne ol gözegçiler ilatyň bähbidi üçin hereket ediýäne meňzemeýärler. Ak bazardan saýlap-seçip, öz islän harydymy alyp bilmejek bolsam, bu bazary näme üçin döredipdirler?” diýip, Baýramgül öz nägileligini bildirýär.

Hojalyklarda öldürilýän mallary 6-7 adam bolup, türkmençilikde aýdylşyna görä, paýa girip satyn alýan ýaşaýjylar hem kän. Şeýle ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, paýa girip satyn alynýan etleriň bahalary hem ozal 19 manat bolsa, häzir 25 manada çenli ýokarlanypdyr.

12-13 kilogram agramy bolýan 230-240 manada berilýän goýunlaryň häzir 350 manatdan bahalanýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Bahalaryň galmagy ähli azyk önümlerinde hem äşgär görünýärdi. Emma mal etleri bir kadarak ýagdaýda gelýärdi. Beýleki harytlaryň ýokarlanmagy mal etiniň hem ýokarlanmagyna täsirini ýetirdi” diýip, Aşgabadyň ýene bir ýaşaýjysy Myratberdi aga söhbetdeşlige goşulýar.

“Mallaryň bahalarynyň ýokarlanmagy Gurbanlyk soýjak ildeşlerimize, elbetde, kynçylyk döreder. Mallaryň bahalary durnuklyrak bolanda hem geçen ýyllarda Gurbanlyk janlysyny soýup bilmeýän hojalyklar az däldi.

Häzirki ýagdaýda mal öldürmek däl, terezä goýup et çekip satyn aljak ýaşaýjylar hem azalsa gerek” diýip, Myratberdi aga aýdýar.

Ozal kiosy 8 manatdan bolan, döwlet dükanlarynda satylýan towuk butlarynyň hem dükanlarda tapylmaýandygyna ýaşaýjylar ünsi çekýär.

Azyk önümleriniň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagyny şu ýylyň 17-nji Sentýabrynda Aşgabatda başlanjak, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary bilen baglanyşdyrýan ildeşlerimiz hem bar. Ýöne ýurtda, umuman, durmuş derejesiniň gymmatlamagy, dürli gadagançylyklar sebäpli döredilen emeli bökdençlikler bilen baglanyşdyrýanlar hem bar.

Olaryň haýsy biri bolanda-da, azyk önümleriniň, şol sanda etiň gymmatlamagynyň sebäpleri barada resmi mediada hiç zat aýdylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG