Sepleriň elýeterliligi

ÝB-Ukraina Assosasiýa ylalaşygy güýje girdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly Assosasiýa ylalaşygyny görkezýär.

Ukraina bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasydaky Assosasiýa ylalaşygy, dört ýyla çeken syýasy pajygadan soň, güýje girdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bu ýagdaýy gutlap, özüniň Facebook sahypasynda ýazgy galdyrdy. Poroşenko muny “Ynsap rewolýusiýasynyň dowamynda saýlap alnan geljegiň subutnamasy ugrundaky möhüm ädim” diýip, atlandyrdy.

Ol 2013-nji ýylda şol wagtky prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa ylalaşygyny baglaşmakdan ýüz öwürmegi netijesinde ýüze çykan köçe protestlerini göz öňünde tutdy. Şol protestleriň dowamynda Wiktor Ýanukowiç wezipesinden çetleşdirilipdi.

Ýanukowiç gürrüňi gidýän Ylalaşyga 2013-nji ýylyň noýabrynda gol goýmalydy. Emma, ol Moskwanyň basyşy sebäpli ondan ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG