Türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiriji proýektiniň Owganystan we Pakistan bölekleriniň gurluşygynyň guramaçylyk işleri alnyp barylýar, diýip türkmen resmileri maglumat berýärler.
Mundanam başga, umumy uzynlygy 1 müň 814 kilometre deň gazgeçirijiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygynyň kesgitlenen plana görä dowam edýändigi hem mälim edildi. Ýatladyp geçsek, ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmaga mümkinçiligi boljakdygy aýdylýan bu gazgeçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda badalga berilipdi.
Umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi resmi Aşgabat öz üstüne aldy.
Türkmen resmileri bu proýektiň halkara derejesinde uly ähmiýetiniň bardygyny gaýta-gaýta tekrarlaýarlar. Emma, energiýa ekspertleri Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň bu proýektiň amala aşmagyna badalga bolup biljekdigini öňe sürýärler.
Şu günki gün Türkmenistan tebigy gazyny diňe Hytaýa satýar.