Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew, Tramp telefonda gazak-amerikan gatnaşyklaryny maslahatlaşdy


Nursoltan Nazarbaýew
Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Birleşen Ştatlaryň prezidenti Domnald Tramp bilen telefonda gürleşdi.

Taraplar 1-nji sentýabrda bolan söhbetdeşlikde özara gatnaşyklar we regional meseleler barada maslahatlaşdy diýip, prezidentleriň edaralary aýtdy.

Ak tam Nazarbaýewiň Trampyň golaýda yglan eden Günorta Aziýa strategiýasyna goldaw bildirendigini aýtdy. Bu strategiýa ABŞ-nyň Owganystanda “Talybana” garşy söweşini berkitmek we Pakistana öz çäginde Owganystana garşy jeňçileri penalandygy üçin temmi bermek çärelerini hem öz içine alýar.

Tramp Gazagystanyň regional we global liderligine gadyr goýýandygyny bildirdi, şol sanda prezident Nazarbaýewi Gazagystanyň ýanwarda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine başlyklyk gezeginiň gelmegi, Astana EKSPO 2017-ä beýemçilik etmegi bilen gutlady diýip, Ak atam aýtdy.

Nazarbaýewiň edarasy Trampyň gazak prezidentini Waşingtona sapara çagyrandygyny aýtdy.Ak tam beýle çakylygyň bolandygyny tassyklamady.

XS
SM
MD
LG