Sepleriň elýeterliligi

TASS: Moskwanyň eteginde mekdepde bolan ok atyşykda dört adam ýaralandy


Orta mekdep, Iwanteýewka

Moskwanyň eteginde orta mekdepde bir ýetginjegiň ot açyp, tüsseli granatalary atmagynyň netijesinde dört adam ýaralandy diýip, Orsýetiň TASS agentligi Içeri işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

TASS agentliginiň we Orsýetiň beýleki media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ok atyşyk 5-nji sentýabrda Iwanteýewka şäherçesinde mekdebiň binasynyň jaýynda ýüze çykypdyr.

Içeri işler ministrliginiň ady agzalmadyk resmilerine salgylanylyp, habar berlişine görä, hüjümçi bolmakda güman edilýän oglan tussag edilipdir. Onuň 14 we 15 ýaş aralygyndadygy aýdylýar.

Ýaralanan dört adamyň keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG