Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti welaýatlar boýunça jogapkär gözegçi resmileri belledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti welaýatlar boýunça jogapkär gözegçi resmileri - kuratorlary belledi.

TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryna we Aşgabat şäherine hökümet baştutanynyň orunbasarlary kuratorlyk ederler.

Ahal welaýatyna Orazmyrat Gurbannazarow, Balkan welaýatyna Baýram Annameredow, Daşoguz Esenmyrat Orazgeldiýew, Lebap welaýatyna Muhammetmyrat Aýdogdyýew, Mary welaýatyna Maksat Babaýew we Aşgabat şäherine Dädebaý Amangeldiýew gözegçilik eder diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň döwlet we hökümet baştutany G. Berdimuhamedowyň öz orunbasarlaryna regionlara gözegçilik etmegi tabşyrmagy ýurt resmileriniň emçemesine käýinç berilmeginiň we wezipelerinden boşadylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Berdimuhamedow 31-nji awgusta, hususan-da, ýurduň ykdysadyýet, bank, nebit-gaz we agrosenagat pudaklaryndaky ýagdaýdan nägilelik bildirdi. Ministrler kabinetiniň başlygynyň ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe guramalary boýunça orunbasaryny wezipeden boşatdy. Ýylyň başyndan bäri dürli pudaklarda kadrlar çalşygynyň birnäçesi amala aşyryldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň welaýatlara kuratorlary bellemek kararyna näme sebäp bolup biler?

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermeni Brýus Panniýer merkezleşdirilen häkimiýet dolanyşygyndaky ýurtda dürli derejeli regional ýolbaşçylaryň bar bolan ýagdaýynda, regionlar boýunça goşmaça resmileriň bellenmeginiň geň ýagdaý bolup görünýändigini belleýär.

“Bu häkimlere bolan ynamsyzlygyň alamaty bolup görünýär. Iş başyndaky häkimler barka, bu artykmaç iş bolup görünýär. Berdimuhamedowyň öz wise-premýerlerine regionlara gözegçiligi tabşyrmagy onuň welaýatlardan dogry maglumatyň gowuşmaýandygyna ýa-da şol ýerlerdäki işleriň onuň isleýşi ýaly amala aşyrylmaýandygyna aladalanýan bolmagyny we şonuň üçin gözegçiligi güýçlendirmek isleýändigini aňladýan bolmagy mümkin. Emma prezident Berdimuhamedowyň adatça ýolbaşçylary çalşyp durandygy nazara alnanda, soňky karar geň görünýär we merkezleşdirilen gözegçiligi güýçlendirmek hakynda pikir döredýär” diýip, Brýus Panniýer aýtdy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň regionlarynyň sosial-ykdysady ýagdaýyny ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan daşary, soňky döwürde howpsuzlyk meselesine hem üns güýçlendi.

Türkmenistan Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda 17-nji awgustdan başlap, ýurduň ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryny gije-gündiziň iş düzgünine geçirdi.

Bruýs Panniýer türkmen wise premýerleriniň welaýatlara kurator bellenmeginiň wagtlaýyn çäre bolup, ýurtda geçiriljek iri halkara sport çäresi bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyrmaýar.

“Munuň wagtlaýyn çäre bolup, uly sport çäresi bilen bagly bolmagy hem mümkin. Sebäbi türkmen hökümeti ýurda köp sanly daşary ýurtlularyň gelmegine garaşýar. Aziýa oýunlary Türkmenistanda öň görlüp-eşidilmedik derejede köp daşary ýurtly adamlaryň barmagy üçin mümkinçilik döredýär. Türkmen hökümeti onlarça müň adamyň ýurda geljegini yglan edipdi. Şeýlelikde, regionlara goşmaça gözegçilik boýunça çäräniň oktýabrdan soň ýatyrylmagy-da mümkin” diýip, Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer aýtdy.

15-nji awgustda Türkmenistan 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen baglylykda öz serhetini ýapýandygyny, wiza düzgünleriniň çäklendirilýändigini we gümrük gözegçiliginiň güýçlendirilýändigini yglan etdi.

Azatlyk Radiosynyň, hususan-da, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndaky çeşmeleri, şu günler köçelerde we köpçülikleýin ýerlerde esgerleriň we polisiýa işgärleriniň patrullyk edýändigini habar berýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG