Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada Ýanukowiçe täze aýyplama bildirilýär, sud diňlenişigi ýene-de yza çekildi


Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewde studentler tarapyndan ýasalan gülkünç heýkeli. 2012 ý.

Kiýewiň sudy öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň garşysyna “watana dönüklik” aýyplamasy boýunça gaýybana gozagalan işiň sud diňlenişigini yza çekip, ony 21-nji sentýabra geçirdi. Köne prezidentiň täze aklawçysy suda taýýarlyk görmek üçin goşmaça wagt talap edensoň, sud şeýle karara geldi.

Döwlet tarapyndan bellenen aklawçy Maksym Heraskonyň agzalýan sud işini ýakyndan öwrenmek üçin goşmaça wagt soramagy bilen Obolon etrabynyň sudýasy Wldyslaw Dewýatko 6-njy sentýabrda diňlenişigi yza süýşürdi.

Suduň karary Ukrainanyň baş prokurorynyň Ýanukowiçiň indi täze aýyplama duçar boljakdygyny, ýagny onuň prezidentlik möhletiniň başlarynda konstitusiýa girizen üýtgeşmeleri sebäpli “häkimiýeti bikanun ele geçirmek” aýyplamasy boýunça jogapkärçilige çekiljekdigini mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ýanukowiçe döwlet tarapyndan bellenen ozalky aklawçy Witaliý Meşeçek 17-nji awgustda sud işiniň “aşa kyndygyny”, kömekçi bolmazdan ony dürs alyp baryp bilmejekdigini aýdyp, derňewden çekilipdi.

Ýanukowiçiň Meşeçekden öňki iki aklawçysy 6-njy iýulda derňewden çekilip, Ýanukowiçiň öz hyzmatlaryndan ýüz öwrendigini mälim edipdiler.

Şol gün Ýanukowiç sud işiniň syýasy matlaplydygyny aýdyp, özüniň sud diňlenişige gatnaşmajakdygyny bildiripdi. Şondan soňra sud ony döwlet tarapyndan bellenen aklawçy bilen üpjün etmek kararyna geldi.

Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen aýratyn ähmiýetli ylalaşygy goýbolsun edip, muňa derek Moskwa bilen söwda gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagy müwessa bilensoň tutaşan protestleriň gazabyndan gaçyp, 2014-nji ýylyň fewral aýynyň soňlarynda wezipeden çekildi we Orsýete bardy.

Haçanda onuň hökümeti Ýewropa ymtylan protestçileriň “Ýewromaýdan” diýlip tanalan protestlerini güýç bilen basyp ýatyrjak bolanda, onlarça adam wepat boldy.

Prokurorlar “watana dönüklikden”, “Ukrainanyň özbaşdaklygyny we territorial bütewiligini bozmakdan” we “Russiýanyň agressiýasyna dildüwşükli kömek bermekden” jogapkärçilige çekilýän Ýanukowiçiň ömürlik tussag edilmegini soraýarlar.

Ol ýurtdan gaçyp çykansoň Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele geçirdi we gündogar Ukrainada merkezi hökümete garşy oppozisiýany güýçlendirdi. Ol ýerde Kiýewiň güýçleri bilen Orsýetiň penasyndaky seperatistleriň arasynda barýan söweşde 10 müňden gowrak adam wepat boldy.

5-nji sentýabrda baş prokuror Ýuriý Lutsenko özüniň Facebook sahypasynda Ýanukowiçe garşy täze derňew işine girişilendigini, onda Ýanukowiçiň “2010-njy ýylda konstitusion tagt agdarylyşygy bilen häkimiýeti bikanun ele geçirmekde” güman edilýändigini habar berdi:

“Ýanukowiçe we ozalky Adalat ministri (Oleksandr) Lawrynowiçe olaryň beýlekiler bilen bir hatarda häkimiýeti bikanun ele geçirmekde güman edilýändikleri özlerine habar berildi” diýip Lutsenko ýazdy.

Ýanukowiç 2010-njy ýylyň fewral aýynda prezidentlik wezipesine saýlandy. Ukrainanyň Konstitusion sudy 2010-njy ýylyň oktýabrynda 2004-nji ýylda ýurduň Baş kanunyna girizilen we prezidentiň käbir güýç mümkinçiliklerini parlamente geçirýän düzedişlerini ýatyrdy.

2004-nji ýylda girizilen üýtgetmelere laýyklykda, prezident premýer-ministri wezipä hödürlemek we hökümeti wezipeden boşatmak mümkinçiliklerini ýitiripdi.

Ýanukowiçiň agdarylmagyndan bir gün, ýagny 21-nji fewralda Konstitusiýa 2004-nji ýylda girizilen üýtgetmeler täzeden dikeldildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG