Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Berkararda" we "Bagtyýarda" haryt bolady hem arzan, emma ýerli ilata satylmaýar


"Berkarar" söwda merkezi gadaganlykdan öň
"Berkarar" söwda merkezi gadaganlykdan öň

Aşgabatda 17-27-nj sentýabr aralygynda geçýän Aziýa oýunlarynyň öňünden ýerli ilat “Berkarar” we “Bagtyýar” söwda merkezlerinde söwda etmek, ol ýerdäki restoranlaryň we naharhanalaryň hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiliklerini ýitirdi diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek ýaryşlar üçin gurlan sport desgalarynyň günortasynda, 30 metr çemesi uzaklykda ýerleşýän “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinden we günbatar-demirgazygynda, 100-200 metr çemesi uzaklykda ýerleşýän “Bagtyýar” söwda-dynç alyş merkezinden ýerli ilat indi bir hepdeden gowrak wagt bäri peýdalanyp bilmeýär, bu olara gadagan edildi” diýip, gürrüňi edilýän iki merkeziň golaýynda ýaşaýan adamlar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda, ozalky Mir, häzirki Andalyp köçesinden günbatarlygyna (bu Mir-1,2 mikroraýonlaryny öz içine alýar) Garaşsyzlyk şaýoluna çenli, Garaşsyzlyk şaýolundan gündogar tarapa (sport desgalary tarapyna geçip bolanok) hususy ulaglara-da, döwlet ulaglaryna hem gatnaw gadagan edildi. Bu 4,5-5 km aralyk we hatda şol ýerde ýaşaýan adamlar indi on gün bäri öz maşynlaryny bu ýere getirip bilmeýärler. Sebäbi bu olara gadagan edildi.

“Berkarar” we “Bagtyýar” söwda merkezlerinde işleýän adamlaryň öz ýakyn tanyşlaryna we garyndaşlaryna gürrüň bermeklerine görä, häzir bu ýerdäki dükanlarda harytlaryň juda uly bolçulygy döredi. Ol harytlaryň arasynda ozal Aşgabat şäherinde satylmagyna gadaganlyk girizilen arak-şerap önümleri-de bar: “Özem olar diňe Türkmenistanda öndürilen spirtli içgiler hem däl, eýsem daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli arak-şerap önümleri hem bol, bahalary hem o diýen gymmat däl” diýip, söwda işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu söwda merkezlerinde Türkmenistanyň özünde öndürilen sowgatlyk arak-şerap önümleriniň hem dürli görnüşleri satylýar. “Türkmen aragynyň, konýagynyň we çakyrynyň dürli görnüşleriniň kiçiräk çüýşelere guýlup, dörtden-bäşden owadan gutulara salnan sowgatlyklary taýýarlanypdyr, olar öň ýurt raýatlarynyň gören zatlary däl” diýip, söwda işgäri gürrüň berdi.

Şeýle-de bu söwda merkezlerinde ozal ilata satylmaýan çilim-temmäki önümleriniň islendik görnüşiniň bardygy aýdylýar. Aýdaly, ol ýerde häzir ABŞ-da, Angliýada, Germaniýada, Dubaýda öndürilen çilimler hem satylýar.

Çilim gadaganlygyndan soň Aşgabatda we welaýatlarda ortaça her gaby 80 manatdan 120 manat aralygynda, dollaryň döwlet kursunda 18-20 dollar töwereginden bahalanan ýokary hilli çilimler häzir, “Bagtyýarda” we “Berkararda” Aziada sebäpli gelen daşary ýurtly myhmanlara aňrysy 3 dollardan, dollarda hem satylýar” - diýip, söwda hem dynç alyş merkezlerinde işleýän aşgabatlylar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Mundanam başga, bu iki söwda merkezinde ýerleşýän birnäçe restoran hem ýerli ilatyň naharlanmagy üçin ýapyldy. Azatlygyň habarçysy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen wezipeli adamlaryň sözlerine görä, ýurduň daşyndan 5-nji Aziýa oýunlaryna gelen myhmanlaryň 17 müňe çenlisiniň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde naharlanmagy göz öňünde tutulýar.

“Bu ýerde eýýäm german, italýan aşpezleri öz kömekçileri bilen gelip, 20 gün, bir aý çemesi wagt bäri Aziadanyň myhmanlaryna mynasyp hyzmat etmek üçin taýýarlyk görýärler, aşhanalary özlerine gerekli görnüşde enjamlaşdyrýarlar” diýip, wezipeli adam aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu ýerde juda az, emma wagtlaýyn işe alnan ýerli adamlar hem işleýär we olar daşary ýurtly aşpezleriň ýanlarynda durup görkezmeginde iş öwrenýärler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty bu söwda merkezlerinde ýerli ilat üçin girizilen gadaganlyk we onuň näçe wagt dowam etjekdigi barada hiç bir maglumat bermedi.

Emma bu merkezlerde işleýänler we öz işi boýunça söwda ulgamyna dahylly adamlar on gün çemesi dowam edýän gadaganlygyň ýene 25 gün çemesi saklanjakdygyny aýdýarlar diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

Şol bir wagtda bu merkezlere, gönüden-göni şol ýerde işleýän ýa gulluk wezipesi boýunça dahylly bolmasa, ýurt raýatlaryny goýbermeýärler.

Gepiň gerdişine aýdylsa, şu tomus “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde açylan “Starbucks Coffee” kofehanasynyň galpdygy, ýagny onuň dünýä belli adybir kofe dükanlary bilen hiç bir kanuny baglanyşygynyň ýokdugy belli boldy.

XS
SM
MD
LG