Aşgabatda ýakynda dünýä belli “Starbucks Coffee” ady bilen açylan kofehananyň galpdygy, onuň esasy merkezi kärhana bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugy dogrusynda maglumatlar peýda boldy.
Şu tomsuň ortalarynda paýtagtyň “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde “Starbucks Coffee” kofehanasyna mahsus dekorasiýalara bezelen we 15 manada durýan saýlama “frappuçinosy” bilen bir kofehana açylypdy.
Munuň bilen baglylykda, Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän bir habar saýtynda “Aşgabatda Starbucks açyldy” sözbaşyly makala; sosial ulgamlarynda “Dünýä belli Starbucks indi Aşgabatda” diýen mahabat şekilli wideoýazgy hem peýda boldy.
Emma Eurasianet neşiri Aşgabatda açylan kofehananyň resmi “Starbucks Coffee” bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny anyklandygyny ýazýar.
Neşir hakyky Sturbucks-yň wekilleri bilen habarlaşyp, Aşgabatda öz kofehanasynyň açylyp-açylmandygyny tassyklamagyny soradylar.
“Men biziň [Sturbucks-yň] Türkmenistanda hiç hili dükanynyň ýokdugyny tassyklaýaryn” diýip, kärhananyň media boýunça wekili Jeými Raýli (Jaime Riley) Eurasianet neşirine aýdypdyr.
Mundanam başga, Starbucks-yň dünýäniň 70 ýurdundaky 24 müňden gowrak dükanyny görkezýän tilsimatda, kärhananyň Türkmenistanda nähilidir bir kofehanasy görkezilmeýär.
Şol bir wagtda, Eurasianet neşiri “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde açylan kofehanada bir “grande” kapuçino kofesiniň 12,50 manada deň bolup, bu şäheriň beýleki ýerleri bilen deňeşdirilende, iki esse dagy gymmatdygyny hem nygtap geçýär.
Eurasianet Türkmenistandaky ýaly ýapyk ykdysadyýetde döwletiň goltgusy bolmazdan, telekeçilik etmegiň tas mümkin däldigini belläp, galp “Starbucks Coffee” kofehanasynyň eýesiniň kimdigi baradaky soragy-da orta atýar.
Azatlyk Radiosynyň “Bagtyýarlyk” söwda merkezi bilen habarlaşyp, ol ýerde “Sturbucks Coffee” ady bilen açylan kofehananyň eýeçiligi we ýokarda beýan edilenler barasynda nähilidir bir maglumat almak synanşyklary netije bermedi.
Galyberse-de, Türkmenistan awtorçylyk hukuklaryny goraýan Berne konwensiýasynyň agzasydyr.