Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook orsýetli şirketiň ABŞ-nyň ses berijilerine zarba uran reklamalary satyn alandygyny aýtdy


Facebook, illýustrasiýa
Facebook, illýustrasiýa

Facebook ABŞ-nyň geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda ses berijilere zarba uran Orsýetde ýerleşýän guramalara sosial mediada reklamalary satandygyny ýakynda anyklandygyny ABŞ-nyň derňewçilerine habar berdi.

Facebook bu maglumaty özüniň howpsuzlyk boýunça ýolbaşçy wekili Aleks Stamosyň 6-njy sentýabrda çap eden blog maglumatynda mälim etdi we özüniň Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulandygy baradaky maglumatlary derňeýän Kongress hem Adalat departamenti bilen hyzmatdaşlyk edendigini habar berdi.

“Washington Post” neşiri ýagdaýdan ygtybarly adamlara salgylanyp, sosial ulgamyň 100 000 amerikan dollary möçberinde reklamany Kremliň mahabatyny etmekde ýakasyny tanadan orsýetli “troll fermasyna” satandygyny habar berdi.

Orsýet tarapyndan dolandyrylan gurama immigrasiýa, ýarag saklamak hukugy, jyns we geý hukugy ýaly 470 sany “galp hasaplaryň” we websahypalaryň mahabatyny edipdi.

XS
SM
MD
LG