Sepleriň elýeterliligi

Aziada gadaganlyklary işsizlere gazanç, bazarçylara goşmaça çykdajy getirýär


"Altyn Asyr" bazary, Aşgabat, 2012 ý.

Aşgabatda Aziada-2017-niň öňünden esasy köçeleriň ýapylmagy, awtomobil-ulag hereketiniň mundan öň görülmedik derejelerinde çäklendirilmegi bilen baglylykda paýtagtdaky bazarlaryň we uly dükanlaryň öňünde işsiz raýatlar üçin täze, ozal kän bolmadyk iş, gazanç etmek mümkinçiligi döredi, emma bu ýagdaý ýurduň gartaşan we alan harytlaryny elde göterip gitmäge güýji ýetmeýän raýatlarynyň jübülerine mazaly agram salýar.

Ýatladýarys, Aşgabatda 10-15 gün ozal uly köçeler, ýagny Aziýa oýunlaryna niýetlenip gurlan sport desgalarynyň dört tarapyndan geçýän ýollar baglandy. Soňky 3-4 gün bäri bolsa, bu köçelerden has alysda ýerleşýän Andalyp köçesiniň özünde awtoulag hereketi bar, ýöne bu ýoldan sowlup, öz awtoulagyň bilen mikroraýonlaryň içine girip bolmaýar. Ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň ýaşaýjylara aýtmaklaryna görä, bu gadaganlyk oktýabr aýynyň başyna çenli dowam eder.

Sport desgalarynyň golaýyndaky mikroraýonlarda awtoulag hyzmatyndan peýdalanmagyň çäklendirilmegi pyýada, elleri ýükli bazarçylaryň köpelmeginiň ilkinji sebäbi bolan bolsa, onuň ikinji sebäbi kiçi azyk dükanlarynyň ýapylmagy bilen bagly.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, soňky günlerde Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesinden günbatarda, Lenin prospekti bilen aralykda ýerleşýän Mir mikroraýonlar toplumyndajaýlaryň aşagynda, ýarym ýerzeminlerde ilata zerur azyk önümlerini satýan dükanlaryň ählisiýapyldy we bu ýagdaýşol töwerekde ýaşaýan adamlary 4-5 km uzaklykdaky uly dükanlara, bazarlara gitmäge mejbur edýär.

Şäher häkimiýetleri bu dükanlary ýapmaga hakykatda7-8 aý ozal girişipdiler, emma ol dükanlaryň hakyky eýeleri ýokary wezipelerde işleýän ýa ýokary wezipeli adamlardan hossarly adamlar bolansoň, etrap häkimlikleriniň, söwda guramalarynyň we salgyt gulluklarynyň işgärleri öz karar eden işlerini soňuna ýetirip bilmediler diýip, ýersi synçylar aýdýar.

Ýöne indi, Aziadanyň başlanjak wagtynyň ýakyn gelmegi bilen, iki-ýeke senagat dükany diýmeseň, gürrüňi edilýän üç mikroraýonyň ýaşaýjylaryna zerur azyk hyzmatyny eden hususy dükanlar ýapyk diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu üç mikroraýonyň ýaşaýjylary indi zerur azyk-suwlugyny satyn almak üçin il içinde “Mir bazar” diýilýän söwda merkezine gitmeli bolýarlar, bu bazar Mir -1 mikroraýonynda ýerleşýär. Şeýele-de bu bazaryň golaýynda eýesi gülençiler bilen ilteşikli diýlip türmä basylan ozalky “A-marketiň” ýerine açylan “Ruhubelent” marketi we ýene birnäçe kiçiräk market ýerleşýär.

Bu bazaryň ýanynda ýaşaýan diňleýjimiziň tassyklamagyna görä, bazara azyk satyn almaga gelýänleriň köpüsi esasan gartaşan adamlar ýa aýal-ebtatlar bolansoň, olar alan zatlaryny göterip, bazaryň daş işiginde garaşyp duran ýükçileriň hyzmatyndan peýdalanmaga mejbur bolýarlar.

“Bazaryň dört derwezesi bar, şolderwezeleriň hersiniň agzynda ýaşy 15-30 ýaş aralygynda bolan 10-12 sany ýaş ýigit üýşüp durýar.Olar bazardan eli ýükli çykyp gelýän aýal maşgala ýa gartaşan adam görseler, ylgap baryp öz hyzmatlaryny teklip edýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, ýükçiler Mir-1-den Mir -2-ä çenli bazarçynyň ýüküni göterişenleri üçin azyndan 10 manat soraýarlar we 40 derejeden geçýän yssy howada alan harytlaryny göterip bilmejek adamlar bu hyzmatdan islese-islemese peýdalanmaly bolýar.

Şeýle-de, ilki bu hyzmatyň bahasynyň arzanrak bolandygy, ýagny ýükçileriň bu işi kiçiräk arabaly etmäge synanyşandygy aýdylýar. Emma her iki ädimde diýen ýaly duran polisiýa işgärleri ol arabalary tutup alypdyrlar ýa-da indi görseler, hökman aljakdyklaryny aýdypdyrlar.

“Şondan soň arabaly ýükçilik galdy, pyýada ýükçülik welin gün-günden möwç alýar, işsiz ýaşlar ‘ýene bir aýlyk işimiz bar’ diýip begenýärler, emma gartaşan bazarçylaryň ýüzi açylanok, sebäbi ýurtda işsizlik uly, işleýäniň bolsa aýlygy bu aýdan ol aýa zordan ýetýär” diýip, bu ýagdaýy birki gün bäri ýakyndan synlaýan diňleýjimiz gürrüň berdi.

Mundanam başga, regionlardan gelýän maşynlaryň şähere girmegine girizilen gadaganlyk zerarly, bazarlardaky harytlaryň görnüşleriniň, hususan-da süýt-gatyk önümleriniň azalýandygy, Marydaky “Elin”, Tejendäki “Gönezlik”, Ruhabatdaky “Zamana” firmalaryndan, Gökdepeden gelýän süýt-gatyklaryň bazara gelmesiniň kesilendigi aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG