Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Birmadan gaçan musulmanlaryň 300 müňe golaýdygyny aýdýar


Birma, gämä garaşýan bosgunlar. Naf derýasy, Maungdaw, 7-nji sentýabr, 2017 ý.
Birma, gämä garaşýan bosgunlar. Naf derýasy, Maungdaw, 7-nji sentýabr, 2017 ý.


Birmanyň Rakin ştatynda täzeden dörän zorlukly wakalardan bäri, 15 gün içinde 300 müňe golaý rohinga musulmany Bangladeşa gaçdy diýip, BMG 9-njy sentýabrda aýtdy.

BMG-nyň resmileri ozal kömek agentlikleriniň gurşawyna alynmadyk ýerlerden has kän rohinga musulmanyny tapandyklaryny aýdýarlar.

"25-nji awgustdan bäri 290,000 çemesi rohinga Bangladeşe geldi” diýip, BMG-nyň Bosgunlar edarasynyň sözçüsi Josef Tripura aýtdy.

Bu san bir günde 20 müň çemesiköpeldi.

Rohingalaryň köpüsi Bangladeşiň Birma bilen 278 kilometr serhedinden pyýada ýa gämili geçip gelýär.

Bosgunlar Birmanyň howpsuzlyk güýçleriniň we buddaçy mähelleleriň öz obalaryny otlandygyny aýdýarlar. Hökümet geçen aý polisiýa postlaryna rohinga jeňçileri tarapyndan edilen hüjüme çäre görýändigini aýdýar.

Rohingalar buddaçylaryň agalygyndaky Mýanmarda kemsidilip gelinýär, olara raýatlyk berilmeýär.

XS
SM
MD
LG