Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Saakaşwiliniň yzyna dolanyp gelmek synanyşygyna garaşýar


Polşa, Mihail Saakaşwili metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti, Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory, dyzmaç syýasatçy Mihail Saakaşwili Warşawda, Polşadan Ukraina geçmek synanyşygynyň öň ýanynda güýç toplaýar.

Bu synanyşyk onuň ozalky ýarany, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen arasyndaky gapma-garşylygy ýitileşdirmegine garaşylýar.

2015-nji ýylda, Odessanyň gubernatory wezipesine bellenmegi üçin Poroşenko tarapyndan ukrain raýatlygy berlen we iýulda, ýurt daşyndaka prezident tarapyndan bu durumdan mahrum edilen Saakaşwili 10-njy sentýabrda Krakowes serhedinden Ukrainanyň Lwow sebitine geçmäge synanyşjakdygyny aýtdy.

Görnüşinden, ol ýekelikde syýahat etmän, ýany ýoldaşly gelýäne meňzeýär.
Ukrainanyň ozalky premýer-ministri, häzir ukrain parlamentindäki oppozisiýadaky “Batkiwşina” partiýasynyň başlygy Ýulia Timoşenko Ukrainanyň “NewsOne” telekanalyna özüniň Saakaşwiilä goşuljakdygyny aýtdy.

Reformaçy deputat we Petroşenkonyň tankytçysy Mustafa Naýem hem özüniň Saakaşwili bilen bile boljagyny aýtdy.

Saakaşwiliniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, köp adam, şol sanda Ýewropa parlamentiniň agzalary, aktiwistler, žurnalistler, öňünden taýynlanan awtobuslarda, onuň yzyna düşmekçi bolýarlar.

Olaryň öňünden güýçlendirilen serhet goragçylarynyň çykarylmagyna garaşylýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugy Krakowesde tikenli sim germewiniň gurlandygyny görkezýän wideo çap etse,“Info Resist” howpszulyk habarlary saýty serhet geçelgesinden düşürilen suratlary çap etdi we ol ýerde kamfulýaž kerebi bilen basyrylyp goýlan harby maşynlar görünýär.

Döwlet serhet gullugynyň sözçüsi Oleh Slobodyan Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna, golaýda geçiriljek harby maşklary nazarda tutup,“maşklar sebäpli ähli barlag nokatlarynyň goragynyň güýçlendirilendigini” aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 14-20-nji sentýabr aralygynda ukrain serhediniň golaýynda belarus we rus harbylarynyň “Zapad 2017” atly bilelikdäki harby okuwy geçirilýär. Kiýew Moskwanyň bu maşklary Ukraina çozmak üçin ýaşryn esas taýýarlamakda ulanar öýdüp gorkýar.

Emma Slobodyan “Ukrayinska Pravda” habar saýtyna serhet gullugynyň 10-njy sentýabrda Krakowes serhet geçelgesinde “serhet partoluny güýçlendirjekdigini”, munuň Saakaşwiliniň ýurda girmek synanyşygy bilen bagly mümkin bolan “prowokasiýalaryň” öňüni almak maksady bilen ediljekdigini aýtdy.

Eger girmäge ýol berilse näme?

Saakaşwili serhede gelse näme bolar diýen sorag her kesiň kellesinde. Ukraina serhet goragçylary özleriniň ony ýurda goýbermejekdiklerini, sebäbi onuň ukrain pasportynyň indi kanuny güýjüniň gutarandygyny aýdýarlar.

Eger Ukraina oňa serhetden geçmäge ýol bermese, Saakaşwili ukrain-polýak serhedinde çadyr dikinip, şol ýerde ýaşap biler diýip, onuň “Täze güýçler” hereketiniň bir agzasynyň 4-nji sentýabrda “Kyiv Post” gazetine aýdandygy habar berilýär.

Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň resmileri Saakaşwilä öz ýurtlaryndan oturym rugsadyny soranagyň mümkindigini aýtdylar. Emma Gürjüstanyň ozalky lideri özünde“başga bir ýurtdan syýasy oturym soramak niýetiniň, islegiň ýa planyň ýokdugyny” hem-de Ukraina dolanmakdan el çekmejekdigini aýtdy.

Makala gysgaldylyp çap edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG