Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 'Demirgazyk Koreýa bilen Las Wegasyň arasyndaky haja' meňzedilýär


Aşgabat şekillerinden.
Aşgabat şekillerinden.

MailOnline neşiri Türkmenistanda dron arkaly düşürilen suratlar esasynda taýýarlanan täsin wideony we ýurduň dürli ýerlerinden düşürilen geň-enaýy fotosuratlary çap etdi.

Bu suratlar gaýduwsyz syýahatçy we fotograf, golaýda Türkmenistanyň paýtagtyna we beýleki täsin ýerlerine, şol sanda Derwezedäki açyk gaz ýatagyna baryp gören Jeý Tindall tarapyndan düşürilipdir.

“Bu Demirgazyk Koreýa bilen Las Wegasyň arasyndaky haja meňzeş”: suratçy syrly Türkmenistanda bolup, aňk ediji wideorolik taýýarlady” diýip habarda aýdylýar.

Şeýle-de neşir bu ýerden düşürilen wideodan türkmen paýtagtynyň juda boş, adamsyz görünýändigini, sowet döwründen galan ýadygärlikleriň bolsa geçen döwri ýatladýandygyny belleýär.

Türkmenistan daşary ýurtly syýahatçylaryň, hususan-da žurnalistleriň we fotograflaryň wiza almagyny iň bir kynlaşdyran ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Emma muňa garamazdan, ýurt içinden wideolary we fotosuratlary daşaryk iberýän raýatlaryň, daşary ýurtly syýahatçylaryň tagallasy bilen, türkmen şekilleri internetde barha kän elýeterli bolýar.

XS
SM
MD
LG