Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda iň ýokary aýlyk (“gara bazardaky” nyrha görä) 360 dollara deň


Türkmenistanyň milli pul birligi
Türkmenistanyň milli pul birligi

Türkmenistanda iň ýokary aýlyk 2 müň 388 manada ýa-da döwlet kursy bilen 680 dollara, “gara bazardaky” nyrhy bilen bolsa 360 dollara deň.

“Orient” habarlar gullugy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, ýurduň iň köp aýlykly edaralarynyň ortaça zähmet haklary barada sanlary getirdi.

Maglumatdan çen tutulsa, onda Türkmenistanda iň ýokary aýlygy Deňiz söwda flotunyň işgärleri alýarlar. Bu edaranyň işgärlerine ortaça aýda 2 müň 388 manat zähmet haky tölenýär. Şol bir wagtda bu görkezijiniň 2016-njy ýylka garanyňda pesdigi hem bellenip geçilýär.

Ýurtda iň köp aýlykly ikinji edara – Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi bolup, onuň işgärleri ortaça 1 müň 910 manat möçberinde aýlyk alýarlar. Maglumata görä, bu edarada zähmet haklary 2016-njy ýyla görä 30% çemesi ýokarlanypdyr.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň bolsa ýurtda iň ýokary aýlyk töleýän üçünji guramadygy aýdylýar. Konserniň işgärleri her aýda ortaça 1 müň 861 manat zähmet hakyny alýarlar. Bu geçen ýylky bilen deňeşdirilende 2,9% ýokarydyr.

“Orient” neşiri mundan soň Türkmenistandaky iň ýokary aýlykly guramalaryň sanawynda ýurduň tutuş maliýe-ykdysady we bank pudaklarynyň gelýändigini belleýär.

Maglumatlarda Türkmenistanda degişlilikde ýokary zähmet haklary tölenýän edaralaryň arasynda: Gurluşyk we arhitektura ministrligi, “Türkmenhowaýollary” gullugy, “Altyn Asyr” ýapyk paýdarlar jemgyýeti, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Bilim ministrligi dagy hem agzalýar.

Ýurtda iň az zähmet hakynyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň işgärlerine berilýändigi nygtalýar. Emma neşir munuň bilen baglylykda anyk sanlary getirmeýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda beýan edilen sanlar dogrusynda, Statistika komitetinden nähilidir bir maglumat almak başartmady.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatlary diňe kagyz görnüşinde çap edilip, olar Komitetiň resmi web-saýtynda elýeterli däl.

Ýeri gelende bellesek, türkmen resmileri hökümet maslahatlarynda ilatyň iş üpjünçiliginiň ýokarlanýandygyny, manadyň satyn alyş ukybynyň durnuklylygynyň üpjün edilýändigini gaýta-gaýta tekrarlaýarlar.

Emma Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri manadyň satyn alyjylyk ukybynyň birnäçe ýyl bäri yzygiderli pese gaçýandygyny, şeýle-de işsizligiň derejesiniň altmyş prosente golaýdygyny aýdýarlar.

Mundanam başga, türkmen häkimiýetleri ýene birnäçe günden başlanmaly Aziada oýunlary üçin “meýletin gatanç” diýip, býujet işgärleriniň aýlyklaryndan zor bilen pul serişdelerini tutup galýarlar.

XS
SM
MD
LG