Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Phenýana garşy has berk sanksiýalary makullady


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 11-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň geçiren altynjy we iň güýçli ýadro synagy sebäpli onuň garşysyna ozal girizilen sanksiýalary güýçlendirmek boýunça ses berip, ýurduň dokma senagat önümleriniň eksportyny we çig nebitiň hem importuny çäklendirdi.

Bu 15 agzaly Howpsuzlyk Geňeşiniň 2006-njy ýyldan bäri Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalary we ýadro programmasy sebäpli biragyzdan kabul eden dokuzynjy kararnamasydyr.

Demirgazyk Koreýa Birleşen Milletler Guramasynyň kararnamasyny 12-nji sentýabrda ret edip, Birleşen Ştatlar basym özüniň “iň uly azabyna” duçar bolar diýdi.

Phenýanyň ilçisi Han Tae Song BMG-niň howandarlygynda Ženewada geçirilen Ýaragsyzlanmak baradaky maslahatda eden çykşynda, Birleşen Ştatlar “syýasy, ykdysady we harby konfrontasiýa odukdy. Demirgazyk Koreýanyň ýadro güýji eýýäm tamamlanyş fazasyna girdi” diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň diplomatlarynyň habar gulluklaryna aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar täze sanksiýalara garşy bolan Orsýetiň we Hytaýyň goldawyny gazanmak üçin, nebit baradaky doly embargo teklibini gowşadyp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň baýlyklaryny doňdurmak teklibinden hem el üzüp, kararnama Koreýa ýarymadasynda “parahatçylykly, diplomatik we syýasy” çözgüde çagyrmagy goşupdyr.

ABŞ-yň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nikki Haleý täze çäreleriň Phenýany azyndan 800 million dollar möçberindäki girdejiden mahrum etjegini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ozalky sanksiýalar bilen birikdireniňde, bu Phenýanyň eksportdan gelýän girdejileriniň 90 prosent çemesi aşaklamagyna getirer

“Biz bu gün sanksiýalaryň güýçlendirlimegine begenemzok. Biz uruş islämzok. Demirgazyk Koreýa režimi yza dolanmazlyk nokadyny entek arka atanok” diýip, Haleý aýtdy.

Haleý soňra hem: “Ol ýadro programmasyny togtatsa, öz geljegini gaýtadan dikeldip biler ... Demirgazyk Koreýa howply ýoluny dowam etdirse, biz-de basyşy dowam etdireris” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Hytaý bilen Orsýet Phenýana garşy täze sanksiýalara meýil bildirmändiler. Aýratyn-da Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde täze sanksiýalaryň Phenýanyň ýadro programmasyny togtatmagyna getirjekdigine özüniň şübheli garaýandygyny bildiripdi.

11-nji sentýabrda Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Wasiliý Nebenzýa Moskwanyň täze sanksiýalary goldaýandygyny, sebäbi “ýadro synaglaryny berk reaksiýasyz goýmagyň ýalňyş boljakdygyny” aýtdy.

Ol ýene bir gezek Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlaryny Orsýet bilen Hytaýyň eden teklibini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Moskwa we Pekin ABŞ bilen Günorta Koreýanyň bilelikde geçirýän yzygiderli harby türgenleşiklerini togtatmaklaryny, Phenýanyň hem munuň öwezine ýadro we ballistik raketa synaglaryny bes etmegini teklip edýärler.

“Biziň pikirimizçe, Orsýet bilen Hytaýyň bu başlangyjyna kembaha garalmagy uly ýalňyşlyk. Ol Howpsuzlyk Geňeşinde stoluň üstünde ýatyr. Biz oňa garalmagy üçin aýak diräris” diýip, Nebenzýa aýtdy.

Hytaýyň BMG-däki ilçisi Liu Jieýi hem “soňra goýulman, basym” gepleşikleriň başlanmagyna çagyrdy. Ol Demirgazyk Koreýany-da halkara arkalaşygynyň onuň ýadro we ballistik programmasynyň togtadylmagy baradaky islegine “çynlakaý garamaga” çagyrdy.

Täze sanksiýalaryň ýerine ýetirilmegi üçin uly jogapkärçilik Hytaýyň üstüne düşýär. Sebäbi Demirgazyk Koreýanyň dokma önümleriniň eksport edilýän ýeri Hytaý. Resmi maglumatlarda aýdylyşyna görä, Phenýanyň çig nebitiniň esasy bölegini üpjün edýän hem Hytaý.

XS
SM
MD
LG