Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabatagyzsuwda” emeli partladyjy ýerleşdirildi


Türkmen howpsuzlyk gullugynyň işgäri.
Türkmen howpsuzlyk gullugynyň işgäri.

Paýtagtyň etegindäki “Aşgabatagyzsuw” edarasynyň territoriýasynda howpsuzlyk güýçleriniň synag maksady bilen ýerleşdiren emeli partladyjysynyň gözden düşürilendigi sebäpli, ençeme adam wezipesinden boşadyldy diýip, Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry ençeme çeşmesi maglumat berdiler.

Geçen hepde, türkmen howpsuzlyk gulluklary Arçabil etrabyndaky – agyz suwunyň ýygnalyp şähere paýlanýan – “Aşgabatagyzsuw” edarasynda okuw-türgenleşik maksady bilen emeli partladyjyny ýerleşdirdiler.

Munuň ertesi güni howpsuzlyk işgärleri gelip, özleriniň synag üçin ýerleşdiren partladyjysynyň üstüni açýarlar. Bu hadysanyň netijesinde, partladyjynyň gözden düşürilendigi, oňa üns berilmedigi sebäpli, Harbylaşdyrylan howpsuzlyk gullugynyň Arçabil etraby boýunça jogapkäri, şeýle-de “Aşgabatagyzsuwyň” iki işgäri, şol sanda garawuly hem wezipesinden boşadyldy.

Azatlyk Radiosyna bu wakanyň jikme-jikleri barada degişli edaranyň resmilerinden nähilidir bir maglumat almak başartmady.

Galyberse-de, bu okuw-türgenleşigi Türkmenbaşy şäheriniň portunda terraktyň öňüniň alnandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“28-nji awgustda Türkmenbaşy şäheriniň portunda Türkmenistanyň ýörite güýçleri terraktyň önüni aldylar. Zulumkeşler – Türkmenistanyň raýatlary bolan iki dogan (atlary we familiýalary görkezilmeýär). Olar Türkmenistanyň we Bakuwyň arasynda gatnaýan ‘Bagtyýar’ ýük we ýolagçy paroma partlaýjy serişdäni geçirmäge synanyşypdyr” diýip, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň web-saýtynda habar berildi.

Şübhe astyna alnanlaryň hersi öz ýany bilen partlaýjy serişdeleri eltip, paromda bombany ýasamagy we Türkmenistanyň territorial suwlarynda partlatmagy planlaşdyrypdyrlar.

Şeýle-de, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýörite gulluklaryň terrakt barada öňünden habarly bolandygy hakda öz çeşmeleriniň çak eýändigini belleýär. Azatlyk Radiosy bu maglumaty öz çeşmelerine häzirlikçe tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosy özüniň türkmen hökümetindäki çeşmelerine salgylanyp, mundan iki aý ozal “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamyň saklanandygyny, bu waka bilen baglylykda Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Begenç Gündogdyýewiň harby derejesiniň general-maýordan polkownige çenli peseldilendigini habar beripdi.

Söweşiji bolmakda güman edilýänleri saklamak boýunça operasiýa özüniň hem gatnaşandygyny aýdýan ofiseriň sözlerine görä, harby aňtaw gulluklarynda soňky aýlarda türkmen topragyna söweşiji bolmakda güman edilýän onlarça adamyň geçendigi barada maglumatlar bar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň territoriýasynda “YD mahsus terraktlaryň” ähtimaldygy barada daşary ýurt tarapyndan aňtaw maglumatlaryň berlendigini Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, iýun aýynda habar beripdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, golaýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda ýene bir gezek Aziýa oýunlary döwründe, Aşgabatda howpsuzlygy üpjün etmek meselesine ünsi çekipdi.

XS
SM
MD
LG