Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň daşary işler ministri Orsýetiň ýolbaşçylary bilen Soçide duşuşýar


Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif prezident Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin 13-nji sentýabrda Orsýetiň gara deňzindäki Soçi şäherine sapar edýär.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow Zarif bilen gepleşikleriň Siriýadaky konflikte we beýleki regional meselelere bagyşlanjakdygyny aýtdy.

Bu duşuşyk Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrunda Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň araçylygynda Astanada geçirilýän gepleşikleriň altynjy tapgyrynyň başlanan wagtyna gabat geldi.

Iki günlük gepleşikleriň öňüsyrasynda Orsýetden, Türkiýeden we Eýrandan barýan bilermenler Astanada jemlendiler we 13-nji sentýabrda konsultasiýa geçirdiler.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Jaafari we Siriýanyň hökümet delegasiýasy gepleşiklere gatnaşmak üçin 13-nji sentýabrda Astana bardy.

Gepleşiklere Siriýanyň käbir oppozision toparlarynyň agzalary we ABŞ-nyň gözegçiler missiýasy gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG