Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada türkmenistanly biznesmeniň 55 müň amerikan dollary ogurlandy


Moskwa
Moskwa

Moskwada türkmenistanly biznesmeniň 55 müň amerikan dollary ogurlandy diýip, orsýet mediasy habar berýär.

Orsýetiň RenTW telekanalynyň Içeri işler ministrliginiň baş edarasynyň metbugat-gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, Moskwanyň “Eksposentr” sergi merkezinde Türkmenistanyň raýatynyň 55 müň amerikan dollary möçberinde nagt puly ogurlanypdyr.

Maglumatda türkmenistanly adamyň Orsýetiň paýtagtyna şertnama baglaşmak üçin barandygy habar berilýär. Aýdylmagyna görä, biznesmen sergide bolan wagtynda öz ýanyndaky uly mukdarly puluň ýitirim bolandygyny bilip galypdyr.

Bu hadysa boýunça barlag geçirilýär, daş töwerege kanun goraýjy işgärler gözegçilik edýär diýip, Orsýetiň telewideniýesi habar berýär.

XS
SM
MD
LG