Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Hytaýy we Orsýeti Phenýany saklamak üçin 'göni herekete' çagyrdy


Günorta Koreýanyň Phenýanyň raketa synagyna jogap hökmünde geçiren harby maşklary

ABŞ Hytaýy we Orsýeti 15-nji sentýabrda Ýaponiýa tarap ikinji ballistik raketasyny atan Demirgazyk Koreýany saklamak üçin “göni herekete” çagyrdy.

“Hytaý Demirgazyk Koreýanyň nebit üpjünçiliginiň uly bölegini amala aşyrýar. Orsýet Demirgazyk Koreýanyň mejbury zähmet güýjüniň iň uly iş bilen üpjün edijisi” diýlip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň beýanatynda aýdylýar.

“Hytaý we Orsýet bu paýhassyz raketa atyşlyga öz tarapyndan göni hereket etmek arkaly çydamsyzlyk görkezmeli” diýlip, Tillersonyň beýanatynda aýdylýar. Munuň bilen bir wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Phenýanyň soňky raketa synagy boýunça adatdan daşary maslahatyny planlaşdyrdy.

ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň resmileri Phenýanyň soňky raketasynyň ABŞ-nyň Ýuwaş okeandaky territoriýasy Guama ýetmändigini, ABŞ-nyň territoriýasyna hiç wagtda wehim salmajagyny we Ýaponiýanyň demirgazyk Hokkaido adasynyň üstünden geçip, Ýuwaş okeanda suwa gaçandygyny aýdýarlar.

Seulyň Goranmak ministrligi raketanyň 3700 kilometr uzaklyga uçup, Demirgazyk Koreýanyň ozalky raketalaryndan ortaça hasapdan beýiklige we uzynlyga 770 kilometr çemesi artyk geçendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG