Sepleriň elýeterliligi

“Aşgabat 2017” türgenleri “bökdençsiz Internet” bilen üpjün ediler


Ýerli ilatdan tapawutlylykda, oýunlara gelýänle rüçin Internetiň hiç hili çäklendirmesiz, doly üpjün edilýändigine çalym edýär.

Dünýädäki aşa gymmat we haýal Interneti bardygy aýdylýan Türkmenistan şu hepdäniň aýagynda başlamaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň myhmanlaryny we gatnaşyjylaryny ýokary hilli Internet hyzmatlary bilen üpjün etjekdigini mälim etdi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dowamynda, aragatnaşyk we telekommunikasiýa hyzmatlaryny oýunlaryň resmi hyzmatdaşy – “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasy üpjün eder.

Internet bilen birlikde, oýunlaryň geçjek ýerlerinde telefon aragatnaşygynyň, öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny, WI-FI hödürlemek üçin zerur bolan enjamlar-da oturdylypdyr.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanda dünýädäki örän gymmat we haýal Internet hyzmatlary bolmak bilen birlikde, ol türkmen häkimiýetleri tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar.

Ýurtda garaşsyz habar serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň web-saýtlary bilen birlikde, Facebook, Wkontakte, Whatsapp, Viber ýaly sosial ulgramlary-da petikli bolmagyna galýar.

Galyberse-de, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy ýurtda media azatlygynyň we erkin sözüň berk çäklendirilýändigine ünsi çekip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Internediň ganym duşmany” diýip häsiýetlendiripdi.

Emma welin ýerli ilatdan tapawutlylykda, oýunlara gelýän türgenler we myhmanlar üçin Internet hyzmatlarynyň hiç hili çäklendirmesiz, doly üpjün edilýändigine çalym edýär.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri “Aşgabat 2017” oýunlaryna gelen türgenleriň eýýäm özleriniň Facebook sahypalarynda degişli ýazgylary ýerleşdirip başlandyklaryna ünsi çekýär.

"MTS-Türkmenistan" kärhanasynyň Aşgabatdaky baş edarasyndan atýazgysy aýrylypdyr.
"MTS-Türkmenistan" kärhanasynyň Aşgabatdaky baş edarasyndan atýazgysy aýrylypdyr.

Bu aralykda, paýtagtda “MTS-Türkmenistan” mobil aragatnaşyk kärhanasynyň 11-nji mikroýondaky baş edarasyndan kompýaniýanyň at ýazgysy aýryldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri, munuň aragatnaşyk operatorynyň ýurtda iş alyp barmak boýunça lisenziýasynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Emma “MTS-Türkmenistan” kärhanasynyň Aşgabatdaky edarasy bu soňky özgerişlikler bilen baglylykda, nähilidir bir maglumat bermekden saklandy.

Ýatlatsak, mundan öň rus kompaniýasynyň türkmen häkimiýetleri bilen ýurtda iş alyp barmagyň şertleri boýunça gepleşikleriň dowam etdirilýändigi habar berlipdi. Şol pursat, türkmen tarapynyň “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýändigi aýdylypdy.

Emma bu gepleşikleriň nähili netije bilen gutarandygy barada häzirlikçe hiç bir tassyklanan maglumat ýok. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işini resmi taýdan bes edýändigi ýa-da etmeýändigi barada henize çenli resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.

Ýatladyp geçsek, MTS kärhanasynyň mundan ozal-da Türkmenistanda lisenziýanyň möhleti uzaldylman togtadylypdy.

MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şol pursat, MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

Mundan soň, ýagny 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin lisenziýa berlendigini aýtdy. Şonda MTS-iň Türkmenistandaky lisenziýasynyň togtadylmagy bilen bagly iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň hem ýatyrylandygy mälim edilipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG