Sepleriň elýeterliligi

'Aşgabat 2017' oýunlarynyň açylyş dabarasyna 7.5 müň ýerine ýetiriji, 100 haýwan gatnaşdyryldy


Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy, Aşgabat, 17-nji sentýabr, 2017.

17-nji sentýabrda Aşgabatda başlanan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň programmasynda görkezilen uly möçberli sahnalaşdyrylan dabara 7.5 müň ýerine ýetiriji, 200 sazçy we 100 haýwan gatnaşdyryldy, diýlip TDH döwlet habarlar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Türkmen mediasynyň maglumatlarynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 45 müň adamyň tomaşa edendigi mälim edildi.

Habar berlişine görä, açylyş dabarasy agşam sagat 20:17 başlanypdyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna häkimiýetleriň guramaçylygynda gatnaşdyrlan müňlerçe adamyň ir sagat 10 töwereginde Olimpiýa şäherçesine barýan ýollaryň ugruna alnyp barylandygyny we olaryň açylyş dabarasy başlanýança köçede garaşandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri gürrüň berdiler.

XS
SM
MD
LG