Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň sudy müňlerçe ýewreýi Holokostdan halas eden şwesiýaly diplomatyň işine seredýär


Ikinji Jahan Urşunyň dowamynda müňlerçe wengriýaly ýewreýi halas eden Raoul Wallenberg 1945-nji ýylda sowet goşunlary tarapyndan tussag edilipdi.

Orsýetiň sudy 18-nji sentýabrda Şwesiýanyň diplomaty Raoul Wallenbergyň garyndaşlary tarapyndan Orsýetiň Federal Howpsuzlyk Gullugyna (FSB) garşy gozgalan iş boýunça diňlenişik geçirýär. Şwesiýaly diplomat müňlerçe ýewreýi Holokostdan halas edipdi we yzýany sowet KGB-siniň türmesinde ýogaldy.

Raoul Wallenbergyň garyndaşlary KGB-niň mirasdüşeri FSB-niň diplomatyň ykbalyny mälim edip biljek senzurasyz dokumentleri bermegini isleýärler.

Sudýanyň 17-nji sentýabrda Moskwanyň Meşýanskiý sudunda deslapky diňlenişik geçirip, subutnamalar üçin gün bellemegine garaşylypdy, emma diňlenişik başlanan badyna yza tesdirildi.

Wallenbergyň garyndaşlarynyň aklawçysy Daria Suhih FSB-niň işiň maglumatlary bilen tanyşmagy üçin has köp wagtyň gerek bolandygyny aýtdy.

Ikinji Jahan Urşunyň dowamynda müňlerçe wengriýaly ýewreýi halas eden Wallenberg 1945-nji ýylda sowet goşunlary tarapyndan tussag edilipdi.

Orsýet Wallenbergyň 1947-nji ýylda KGB-niň Moskwadaky baş edarasynda Lubýankada ýogalandygyny aýdýar, emma onuň ölümine degişli jikme-jikler nämälim galýar.

Orsýet 35 ýaşly diplomatyň ýüreginden tutup ýogalandygyny aýdýar, emma onuň maşgalasy bu düşündiriş bilen ylalaşmaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG