Sepleriň elýeterliligi

Gara deňizde türkmenistanly gaçgak ele salyndy


Gara deňizdaki gämiler

Soňky wagtlarda bikanun ýollardan Türkiýä gelýän ýa-da bu ýurduň üstünden Ýewropa gitmäge synanşyk edýänleriň arasynda türkmenistanly raýatlaryň hem ele salynýandygy barasynda, türk mediasynda yzygiderli maglumat berilýär.

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, golaýda žandarm gullugy bilen deňiz howpsuzlygy işgärleri tarapyndan gurnalan bir operasiýada, birnäçe uly gaýyk bilen Türkiýäniň günbatar Gara deňiz sebitinden Rumyniýa we Bolgariýa bikanun ýagdaýda gitmäge synanyşan biri türkmenistanly bolmak bilen 820 siriýaly, 10 yrakly, 2 owganystanly we bir rumyniýaly gaçgaklar ele salnypdyr.

Gazetde we galyberse-de türk metbugatyndaky beýleki çeşmeleriň habarlarynda gaçgak bosgunlar bilen bilelikde ele salnan türkmenistanly raýat barasynda, onuň nireden gelip, nirä barýandygy hakda jikme-jik maglumat berilmeýär. Gazetiň habaryna görä, soňky bir ýarym aýda geçirilen operasiýalarda jemi 1071 gaçgak bosgun bilen 15 sany adam söwdasyny gurnaýan tussag edilipdir.

Ýeri gelende bellesek, mundan owal türk mediasynda ýaýran habarlarda, bikanun ýoldan Eýran-Türkiýe serhedi geçip, gaçgak ýagdaýda Bingöl şäherinden awtobus bilen Stambula gitmäge synanyşan 6 sanysy türkmenistanly, jemi 62 daşary ýurtly gaçgagyň 27-nji iýulda saklanandygy beýan edilipdi.

Şeýle-de iýul aýynyň ahyrynda, žandarm gullugynyň işgärleri tarapyndan Batman-Bitlis awtoýolunda amala aşyrylan ýol barlagy mahalynda, ýurduň Siriýa we Yrak bilen serhedinden bikanun ýoldan geçip gelen türkmenistanly, owganystanly, özbegistanly we siriýaly 3 sanysy çaga, 4 sanysy zenan, jemi 17 gaçgagyň ele salnandygy habar berildi. Gaçgaklaryň näçesiniň türkmenistanlydygy we olaryň zenanmy ýa-da çagadygy barasynda jikme-jik maglumat berilmedi.

Gepiň gerdişine görä ýatlasak, Yragyň Naýnawa regionynyň Tall-Afar şäherinde ýesir düşen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň maşgalalary bolmakda güman edilýän aýallaryň arasynda, Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlar bar diýlip, RIA-Nowosti agentligine salgylanyp, “Sputnik” neşiri habar beripdi. Maglumata görä, YD toparynyň söweşijileriniň ýesir düşen aýallarynyň sany 400 çemesi, olaryň arasynda türkmenistanly zenanlardan başga-da, orsýetli, özbegistanly we türkiýeli aýallar bar.

Sözi jemläp aýtsak, dürli ýurtlaryň serhetlerini bikanun ýoldan geçmäge synanyşýan mahaly tussag edilýän türkmenistanly raýatlaryň ykballary barasynda, degişli türkmen we şol sanda daşary ýurt resmilerinden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG