Sepleriň elýeterliligi

Beýle ýowuz däl: Täjik häkimiýetleri toý naharlaryny konfiskasiýa etdiler


Toý çöregi

Günorta Täjigistanda Zaidullo Hudoýorowyň öýünde onuň uly gyzynyň nika toýuna doly depgin bilen taýýarlyk görülýärkä, toýdan sanlyja sagat öň ýerli resmilerden durýan bir topar öýe dökülip, maşgalanyň toý üçin taýýarlan naharlaryny konfiskasiýa edýär.

Resmileriň pikiriçe, naharyň möçberi “bisarpalyk”, ol şol bir wagtda-da maşgalalaryň nika toýuny, matam çärelerini we beýleki hususy funksiýalary tertipleşdirýän täze täjik kanunynyň bozulmagy bolup durýar.

“Biz obada kanunyň bozulmagynyň öňüni aldyk” diýip, Kulob şäheriniň eteginde ýerleşýän Dahana obasynda 26-njy awgustda bolan öý döküşlige gatnaşan resmileriň biri Holmurod Ibrahimow aýdýar.

“Öý döküşlikde maşgalanyň bisarpa mukdarda nahar taýýarlandygyny kesgitledik. Mysal üçin, öýlenýän ýigidiň öýünde toý üçin ýörite bişirilen çörekler we halwa ýaly zatlar tapyldy. Biz bulary alyp, Kulobyň psihiatrik keselhanasyna berdik ” diýip, Ibrohimow 18-nji sentýabrda naharlaryň konfiskasiýa edilendigi barada habar ýaýranyndan soňra aýtdy.

Ol şeýle hem nahara edilen çykdajynyň “garyp” maşgalanyň girdejisine gabat gelmeýändigini belledi.

Täjigistanda “tanzim” ýa “tertipleşdirme” diýilýän kanun, aslynda, uzak wagt bäri ýurtda höküm sürüp gelýän prezident Emomali Rahmon toýlar we matam çäreleri üçin bisarpalyk bilen edilen harajatlar Merkezi Aziýanyň garyp ýurdundaky maşgalalara maliýe taýdan ýük bolýar diýeninden soňra, ýagny 2007-nji ýylda kabul edildi.

Ýedi çaganyň kakasy bolan Hudoýorow kadasyz işlerden, şeýle hem öz howlusynda ekýän gök önümlerinden gelýän girdejiden gününi dolandyrýar.

44 ýaşly Hudoýorow aýalyna we beýleki zenan garyndaşlaryna ýerli däp boýunça gelniň maşgalasy tarapyndan öýlenýän ýigidiň öýlerine iberilýän naharlary taýýarlamazlygy tabşyrypdyr.

Ol indi özüniň hususy çäreleri tertipleşdirýän kanunyň bozulmagy sebäpli salynýan agyr jerimeden sag-aman sypanyna begenip, ýeňillik bilen dem alýar.

Bu kanuny bozanlara 4000 dollara, bu işi gaýtalanlara hem 5700 dollara çenli jerime salynýar.

Täjigistanyň parlamenti awgust aýynyň aýaklarynda bu kanuna girizilmeli düzedişleri oňlap, oňa täze çäklendirmeler goşup, gadagan edilen zatlaryň gerimini giňeltdi.

Düzedişde täze doglan çaga at dakylanda, çaganyň ilkinji gezek saçy syrylanda ýa-da oglanlar sünnetlenende däp boýunça geçirilýän üýşmeleňlerde meýlis gurmak gadagan.

Hökümet, munuň deregine, maşgalalary öz çagalarynyň adyna bankda hasap açyp, puly olaryň okuwyna we doly üpjünçiligine sarp etmäge çagyrýar.

Düzedişlerde matam zyýapatlaryna hem berk çäklendirme girizilýär. Mysal üçin, merhumyň ýedisini ýa alty aýlygyny bellemek bikanun.

Durmuş derejesi pes we giňden ýaýran işsizlige garamazdan, täjikler kämahallar nika toýlary üçin aşa köp çykdajy edýärler. Toýa gerek puly gazanmak üçin, adamlar migrant işçi bolup işleýärler ýa-da maşgalar ençeme ýyllap, pul süýşürip gezýär.

Awgust aýynda Rahmon köne däbiň köküni gyrmak maksady bilen ýerli resmilere “tertipleşdirmegi” adamlara düşündirmegi, kanunyň kopiýasyny öýlere paýlamagy tabşyrdy.

Dahanada gyzy ýaňy durmuşa çykan Hudoýorow bolsa başymdan geçenler goňşy-golamlara sapak bolar diýýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG