Sepleriň elýeterliligi

Moskwada proteste çykan täjigistanly zähmet migrantlarynyň ençemesi tussag edildi


Moskwanyň polisiýasy işçi migrantlaryň dokumentlerini barlaýar

Moskwanyň polisiýasy proteste çykan täjigistanly zähmet migrantlarynyň ençemesini tussag etdi. Migrantlary goraýjylar protestçileriň söwda merkeziniň sakçylarynyň bir täjigistanlyny agyr ýençmegine garşy çykyş edendigini aýdýarlar.

Orsýetde Migrantlar Federasiýasynyň başlygy Karomat Şaripowyň media serişdelerine aýtmagyna görä, bu waka 20-nji sentýabrda Moskwanyň Lýublino etrabynda söwda merkezinde bolupdyr.

Moskwanyň polisiýasynyň 21-nji sentýabrda aýtmagyna görä, “migrantlaryň we söwda merkeziniň howpsuzlyk işgärleriniň arasynda bolan konfliktiň yzýany” 90 çemesi adam tussag edilipdir.

Şaripow 250 çemesi adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Täjigistanyň Migrasiýa gullugynyň Moskwadaky edarasynyň metbugat-wekili Ahmad Ibrohimow urlup-ýenjilmegi protestlere sebäp bolan 27 ýaşly täjigistanlynyň keselhana ýerleşdirilendigini AÝ/AR-na 21-nji sentýabrda aýtdy.

Merkezi Aziýadan we Kawkazdan ýüzlerçe müň migrant Orsýetde işleýär.

XS
SM
MD
LG