Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň howpsuzlyk resmisi terroristleriň Merkezi Aziýada 'ukuly öýjükleri' döredýändigini aýtdy


Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet, Türkmenabat
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhet, Türkmenabat

Orsýet Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Reşit Nurgaliýew “Siriýada söweşen Merkezi aziýaly terroristleriň” öz ýurtlaryna dolanyp, islendik pursatda aktiw herekete geçmäge taýýar “ukuly öýjükleri” döredýändigini aýtdy.

Orsýet mediasynyň Nurgaliýewe salgylanyp habar bermegine görä, bu mesele golaýda Orsýetiň we Özbegistanyň arasynda howpsuzlyk boýunça Daşkentde geçirilen gepleşiklerde gozgalypdyr.

“Bilermenleriň nygtamagyna görä, Merkezi Aziýa regiondaky ýagdaý agyr bolmagynda galýar. Köp halatlarda regionda howpsuzlygyň üpjün edilmegine Owganystandaky ýagdaý täsir ýetirýär” diýip, Nurgaliýewiň aýdandygy habar berilýär.

Şeýle-de, Nurgaliýewiň gepleşikleriň netijesinde terrorizme we esktremizme garşy göreş üçin zerur operatiw maglumatlary alyşmagy aktiwleşdirmek, şeýle-de, bu ugurdan GDA we ŞOS (Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy) ýaly regional guramalaryna girýän döwletleriň Içeri işler ministrlikleriniň derejesinde aragatnaşygy dowam etdirmek barada ylalaşyga gelnendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer Merkezi Aziýa ýurtlary bilen howpsuzlyk ugrundan hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Orsýetiň regiona abanýan terrorçylyk howpy barada onlarça ýyl bäri duýduryş edip gelýändigini belläp, şol bir wagtyň özünde-de aladalanma üçin esas berýän hakyky töwekgelçiligiň hem bardygyny aýdýar.

“Ukuly öýjükler baradaky duýduryş üçin esas bar diýip çak edýärin. Sebäbi öz ýurduna dolanyp barýan käbir adamlaryň toparlara düzülmäge we olaryň Siriýada hem Yrakda amala aşyran hereketlerine öz ýurtlarynda hem baş goşmaga synanyşmagyny hasapdan aýryp bolmaýar. Muňa Merkezi Aziýanyň häkimiýetleri hem düşünýär. Olaryň aglabasy daşary ýurtlardan gaýdyp gelýän öz raýatlaryna berk gözegçilik edýärler, aňtaw gulluklary beýleki ýurtlar bilen içgin işleşýärler. Ýöne bu ýerde töwekgelçilik näderejede uly diýen sowal döreýär, meniň pikirimçe, uly töwekgelçilik ýok, sebäbi Merkezi Aziýa ýurtlary onsuzam berk howpsuzlyk çärelerini berjaý edýärler” diýip, Brýus Panniýer aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri özleriniň ýüzlerçe raýatynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” (YD) ýaly ekstremist toparlaryň düzüminde söweşýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary öz raýatlarynyň YD toparynyň we beýleki ekstremist guramalarynyň düzüminde bolmagyny resmi derejede düýpden agzamaýar.

Emma Türkmenistanyň häkimiýetleriniň tassyklamazlygyna garamazdan, dürli maglumatlarda YD toparynyň söweşijileriniň arasynda türkmenistanlylaryň sanynyň ýüzlerçe adama ýetýändigi habar berilýär.

Hususan-da, Radikallaşmagy we syýasy zorlugy öwrenmek boýunça halkara merkeziň 2015-nji ýyl boýunça hasabatynda YD toparynyň düzüminde 360 türkmenistanlynyň söweşendigi aýdylýar.

13-nji sentýabrda Orsýetiň habar beriş serişdeleri Yragyň Tal-Afar şäherinde tussag edilen we “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň aýallary bolmakda güman edilýän ýüzlerçe zenanyň arasynda, Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň bardygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy iýun aýynda öz çeşmelerine salgylanyp, Türkiýäniň häkimiýetleriniň Türkmenistana YD toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamy tabşyrandygyny, şeýle-de Türkmenistana öz territoriýasynda “YD mahsus” terraktyň bolmagynyň ähtimaldygy barada aňtaw maglumatlarynyň gowşandygyny habar beripdi.

Iýul aýynda Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän dört adamyň ele salnandygyny habar berdi. Şonda Goranmak ministrliginiň ofiseri söweşiji bolmakda güman edilýän Türkmenistanyň şol dört raýatynyň Siriýada we Yrakda YD toparynyň düzüminde söweşlere gatnaşandygyny, adynyň agzalmazlyk şerti bilen gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde söweşýändigi barda, ilkinji maglumatlar 2013-nji ýylda peýda bolup başlapdy.

XS
SM
MD
LG