Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň başlamagy bilen paýtagtyň iň iri bazarlarynyň birinde azyk harytlary barha gytalyp başlady, şeýle-de sebitiň ýaşaýjylary zerur gündelik harytlary üçin ençeme kilometr ýoly pyýada sökmäge mejbur boldular.
Ýatlatsak, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň başlamagy bilen ýaryşlaryň geçýän Olimpiýa toplumunyň gabat-garşysyndaky Parahat 1 we 2 etrapçalaryna barýan ýollar doly petiklenip, şol töwerekde, umuman, awtoulag hereketi gadagan edilipdi.
Bu çäklendirmeleriň netijesinde, beýleki kynçylyklar bilen birlikde, sebitiň azyk üpjünçiliginde bökdençlikler ýüze çykyp başlady.
Bu günler Aşgabadyň iri bazarlarynyň biri bolan, şeýle-de Parahat 1, 2, 3 we 4 etrapçalarynyň on müňlerçe hojalygyny zerur harytlar bilen üpjün eden “Paýtagt” bazarynyň tekçeleri boşap, hatda käbir dükanlar öz işlerini hem togtatdylar.
Özüni Ahmet diýip, tanyşdyran il içinde “Mir bazar” ady bilen tanalýan bazaryň söwdagäri sebite harytlary getirmekde uly kynçylyklary çekýändiklerini gürrüň berdi.
“Harytlary dükanlarymyza getirip bilmeýäris. Iň golaýy dört kilometr daşlykda [ulagdan] düşürip, daşamaly bolýarys” diýip, Ahmet aýdýar.
Ahmet bu ýagdaýlaryň fonunda goşmaça transport sebäpli harytlaryň bahalaryny artdyrmaly bolýandyklaryny aýtdy.
“Onsuz hem bazar boşap galdy. Egindeşlerim beýdip söwda edenden, dükanlaryny ýapanyny has gowy görýärler. Adamlaram kän bir zat alyp duranok. Biz hem zyýana galmajak bolup [harytlarymyzy] gymmatladýarys” diýip, Ahmet sözüne goşdy.
Bazarda harytlaryň gytalmagy we gymmatlamagy ýerli ýaşaýjylara hem “uly kynçylyk” döredýändigine üns çekilýär.
“Biz indi ençeme kilometr ýoly pyýada söküp, ulaglaryň gatnaýan ýoluna çykyp, şäheriň beýleki bazarlaryna gatnaýarys. Gerek-ýaragyňy alanyň bilen hem ýene yssy howada agyr ýüküň bilen pyýada yzyňa aşmaly bolýarsyň” diýip, 50 ýaşlaryndaky Tuwak (ady üýtgedilen -red.) daýza Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlaryň fonunda Parahat-1 we 2 etrapçalaryna barýan ýollaryň petiklenen we bazarlaryň töwereklerinde adamlaryň harytlaryny daşap bermegi hödürleýän ýörite arabaly hammallar ýygnanyp başladylar.
Aglaba ýaş oglanlardan ybarat hammallar öz hyzmatlary üçin, 10 manat alýarlar. Şol bir wagtda, olar polisiýa işgärlerine görünmän, buky hereket etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Eger-de polisiýa biriniň harydyny daşap barýanyňy göräýse, eliňden arabaňy alyp, gorkuzyp kowup goýberýär” diýip, 13 ýaşyndaky Mergen gürrüň berdi.
Ýatlatsak, mundanam başga “Aşgabat-2017” oýunlarynyň öňüsyrasynda gürrüňi gidýän sebitäki ýarym-ýerzeminlerde ýerleşýän ähli hususy dükanlar hem mejbury ýagdaýda ýapylypdy.
Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlaryny giňden wasp edip, olaryň “ýurduň abraýyna abraý goşýandygyny” tekrarlasalar-da, olaryň adaty ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar.