Sepleriň elýeterliligi

Kabul partlamasynda üç adam ýaralandy, Helmandda polisiýa başlygy öldürildi


Kabul, NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň esgeri

Owgan howpsuzlyk resmileri 24-nji sentýabrda Kabulda, NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky missiýanyň daniýaly harby konwoýyny nyşana alan ulag bombasy partlanda azyndan üç sany asuda adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň sözçüsi, kapitan William Salwin bu hüjümde NATO güýçlerinden ýaraly bolanyň ýokdugyny aýtdy.

Owgan resmileri bu hüjümiň Kabulyň günbataryndaky durnuksyz ýerde guralandygyny aýtdylar.

23-nji sentýabrda “Talyban” jeňçileri Helmand welaýatynyň Laşgar Gah etrabynda etrap polisiýasynyň başlygyny öldürdiler.

Omar Jan Hakmalyň maşynyna edilen hüjümde polisiýa başlygynyň ýanyndaky ofiser hem ýaralandy.

24-nji sentýabrda “Talyban” bu hüjümiň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy. Hakmal soňky aýlarda ýurduň demirgazygynda jeňçiler tarapyndan öldürilen ýokary derejeli howpsuzlyk resmileriniň dördünjisidir.

XS
SM
MD
LG