Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Harby gullukdan gelenler iş tapman kösenýärler


Harby gullugyny berjaý edýän ýaşlar
Harby gullugyny berjaý edýän ýaşlar

Türkmenistanda, esasanda, ýurduň çetki obalarynda harby gullukdan boşap gelen ýaşlaryň iş tapmakda, işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigi barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.

14-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda permana gol çekipdi.

Şu günler öýlerine dolanýan ýaşlaryň ençemesiniň iş tapman, günlükçilik ýaly dürli işlerde işleýändigi ýa-da işiň gözleginde daşary ýurtlara gidýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu barada ýurduň Daşoguz we Balkan welaýatlaryna ýygy-ýygydan sapar edýän aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistan: Harby gullukdan gelenler iş tapman kösenýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:51 0:00

XS
SM
MD
LG