Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident pagta ýygymyndan nägile


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda galla ekilişiniň we pagta ýygymynyň depgininiň haýal gidýändigine welaýat ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.

TDH döwlet habar agentligine görä, 25-nji sentýabrda geçirilen iş maslahatynda Balkan welaýatynyň Etrek, Serdar, Bereket etraplarynda bugdaýyň ekilişiniň pes depginde gidýändigi bellenipdir we bu ýagdaýa welaýatyň häkiminiň ünsi çekilipdir.

Mundanam başga, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň, Daşogzyň, Marynyň we Lebapyň häkimlerine ýüzlenip, pagta ýygymynyň depgininiň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, käbir etraplarda kapmaniýanyň ýaramaz guralandygyny hem belledi.

Şeýle-de ol “kuwwatly” diýlip, häsiýetlendiren tehnikalaryň netijeli işledilmeýändigini öňe sürüp, işleri ýola goýmak üçin, ähli çäreleri görmegi berk tabşyrdy.

Berdimuhamedow ýer önümçiliginiň netijeliligini gazanmak üçin “agrotehniki çäreleriň oba hojalyk önümleriniň ýokary hasyllygyny artdyrmak ýaly berk barlanyp, seçilen ylmy teklipleriň esasynda” amala aşyrylmalydygyny-da aýtdy.

Maslahatyň ahyrynda Berdimuhamedow galla ekilişini we pagta ýygymyny Garaşsyzlyk baýramyna, ýagny 27-nji oktýabra çenli gutarmagy talap etdi.

Ýatlatsak, Türkmenistan bu ýylky pagta ýygym kampaniýasyna 30-njy awgustda başlady. Bu ýyl Türkmenistan 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almagy planlaşdyrýar. Pagtanyň iň köp hasyly – 300 müň tonnasy Mary welaýatynda ýygnalmaly , Daşoguzda – 230 müň tonna, Ahalda - 207 müň tonna pagta ýygylmaly. Resmi maglumata görä, bu ýyl gowaça üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 545 müň gektara barabar.

Bu aralykda, ýerli synçylar, şol sanda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçiler daýhançylygyň ýurtda girdejisi pes hünärleriň birine öwrülendigini, döwletiň önüm satyn alyş nyrhlaryny indi birnäçe ýyl bäri ýokarlandyrman saklaýandygyny aýdýarlar.

TDH “Pagtaçylara süýümi, linti, übtügi, döwlete borçnamadan artyk tabşyrylan, senagat taýdan işlenilen çig pagtany ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda ýerleşdirmäge mümkinçilik berilýär” diýse-de, türkmen daýhanlarynyň pagtaçylykdan alýan arassa girdejileri barada hiç bir san getirmeýär.

Galyberse-de, geçen hepde dünýäde pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän “Pagta kampaniýasy” guramasy beýanat ýaýradyp, ýurtdaky mejbury zähmet problemasyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

XS
SM
MD
LG