Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanly žurnalist suda çekildi


Aziz Orujow

Azerbaýjanda “Kanal 13” atly internet telewizion stansiýasynyň Bakudaky müdiri Aziz Orujow 27-nji sentýabrda suda çekildi. Onuň tarapdarlary gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrýarlar.

Aziz Karasoglu ady bilen tanalýan Orujow bahar aýlarynda 30 günlük türme tussaglygyna höküm edilipdi. Sud bu karary onuň polisiýa garşylyk görkezendigi üçin çykarypdy. Orujow 1-nji iýunda tussaglykdan boşadylmagynyň yzýany, şol günüň özünde ýene tussag astyna alyndy we bikanun telekeçilik bilen meşgullanmakda hem wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplandy.

Orujow aýyplamalary ret edýär. Onuň dogany Anar Orujow “Kanal 13” internet telekanalyny Germaniýadan dolandyrýar. Ol öz doganyna garşy gozgalan işi syýasy matlaply diýip atlandyrýar.

Günbatar hökümetleri we adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň hökümetiniň güýjüni artdyrmak üçin garaşsyz media serişdelerine, žurnalistlere we oppozision syýasatçylara hem aktiwistlere basyş etmegini ýazgarýarlar.

2003-nji ýylda öz kakasynyň ýogalmagyndan soň 10 million ilatly nebite baý Azerbaýjan döwletiniň başynageçen Aliýew tankyda çydamsyzlyk görkezýär.

XS
SM
MD
LG