Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagonyň, NATO-nyň ýolbaşçylary 'Talybana' duýduryş etdiler


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (s), Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (ortada), NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (ç), Kabul, 27-nji sentýabr, 2017.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Kabula eden saparynyň dowamynda Owganystana ýardamyň dowam etdirilmegini wada berdiler.

27-nji sentýabrda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani bilen bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda Mattis we Stoltenberg Owganystanyň “gaýdyp terrorçylar üçin jennete öwrülmejegini” aýtdylar.

Stoltenberg NATO-nyň Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň 2020-nji ýyla çenli maliýeleşdirilmegini kepil geçdi. Ol NATO-nyň Owganystanyň goranmak we howpsuzlyk güýçlerine her ýylda 1 milliard amerikan dollary möçberinde kömek berjekdigini aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi 27-nji sentýabrda ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Kabula eden saparynyň dowamynda halkara aeroportunyň oka tutulmagy zerarly bir adamyň wepat bolandygyny we 11 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG