Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň oppozisiýa lideri Nawalnyý öz öýüniň golaýynda tussag edildi


Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý, Murmansk,15-nji sentýabr, 2017
Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý, Murmansk,15-nji sentýabr, 2017

Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý Nižniý Nowgorod şäherine ýörişe barýan wagtynda öz öýüniň golaýynda tussag edilendigini habar berdi.

Nawalnynyň 29-njy sentýabrda Instagram sosial ulgamynda çap eden maglumatyna görä, ol otluly Nižniý Nowgoroda gitmek üçin öýünde çykanda tussag edilipdir.

Prezident Wladimir Putiniň açyk tankytçysy Nawalnyý Orsýetiň prezidenti wezipesine 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek saýlawlara dalaş etmek boýunça kampaniýa geçirilýär.

Orsýetiň saýlaw resmileri Nawalna garşy gozgalan jenaýat işi sebäpli onuň saýlawlara gatnaşyp bilmejegini aýdýarlar.

Nawalnyý soňky hepdelerde birnäçe şäherde ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi.

XS
SM
MD
LG